20‑nji bap
Isa direlýär
(Matta 28:1-8; Mark 16:1-8; Luka 24:1-12)
1 Hepdäniň birinji güni*, entek alagaraňkyka, magdalaly Merýem irden mazara bardy. Görse, mazaryň agzyndan daş aýrylypdyr. 2 Şonda ol Simun Petrus bilen Isanyň söýgüli şägirdiniň ýanyna ylgap baryp, olara: «Agamyzy mazardan çykaryp äkidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi. 3 Petrus bilen beýleki şägirt dessine mazara tarap ýola düşdüler. 4 Olaryň ikisi-de ylgaýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara ondan öň bardy. 5 Ol eglip seredende, mazaryň içinde kepeniň ýatandygyny gördi, ýöne içerik girmedi. 6-7 Şol wagt onuň yzyndan Simun Petrus hem geldi. Ol mazara girip, ýerde ýatan kepeni we Isanyň başyna oralan ýaglygy gördi. Emma ýaglyk kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde çözülgi ýatyrdy. 8 Soňra ol ýere birinji bolup baran şägirt hem mazaryň içine girdi. Muny görüp, ol Isanyň direlendigine ynandy. 9 Şol pursada çenli olar Mukaddes Ýazgylarda Isanyň direljekdigi barada aýdylan sözlere henizem düşünmändiler.
Isa magdalaly Merýeme görünýär
(Matta 28:9,10; Mark 16:9-11)
10 Bu wakalardan soň şägirtler ýene öýli-öýüne gaýtdylar. 11 Merýem bolsa mazaryň agzynda durup aglaýardy. Ol gözýaş edip durka, mazaryň içine eglip seredende, 12 ak eşikli iki sany perişdä gözi düşdi. Olaryň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy. 13 Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi. 14 Şeýle diýip, arkasyna öwrülende, ol ýerde Isanyň durandygyny gördi, ýöne Ony tanamady. 15 Isa oňa: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý, aga, Ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi. 16 Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.) 17 Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi. 18 Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gitdi. Olara: «Rebbi gördüm!» diýip, Rebbiň özüne aýdanlaryny şägirtlere habar berdi.
Isa şägirtlerine görünýär
(Matta 28:16-20; Mark 16:14-18; Luka 24:36-49)
19 Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri üýşüp, ýahudylardan gorkularyna gapylary gulplap otyrdylar. Birdenkä Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi. 20 Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. 21 Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi. 22 Şeýle diýip, olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy kabul ediň. 23 Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, şol bagyşlanar, kimiň günäsini bagyşlamasaňyz, şol bagyşlanmaz» diýdi.
Isa Tomasa görünýär
24 Isa gelen mahaly Onkileriň biri, Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt olaryň ýanynda däldi. 25 Beýleki şägirtler oňa: «Reb Isany gördük!» diýdiler. Emma Tomas olara: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem, asla ynanmaryn» diýdi.
26 Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi. 27 Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerime seret! Eliňi uzat-da, böwrüme degir. Şübhelenmäňi bes et, imanly bol» diýdi. 28 Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi. 29 Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi. 30 Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp gudratly alamatlar görkezdi. 31 Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.