5‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2 Ýa Reb, diňle meniň sözümi
hem-de eşit meniň ahy-zarymy.
3 Diňle perýadymyň sesini,
eý, Patyşam hem-de Hudaýym,
men Saňa edýändirin dilegi.
4 Ýa Reb, meniň sesimi ertirine eşidýärsiň Sen,
häzirlenip, säher bilen huzuryňda garaşýaryn men.
5 Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň,
Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz,
6 tekepbirler Seniň gaşyňda durmaz;
Sen ýigrenýärsiň betkärleriň baryny,
7 ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri.
Ýa Reb, Sen ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby.
8 Men bolsa egsilmez sadyk söýgiň arkaly,
girerin Seniň öýüňe;
men Senden heder ederin,
mukaddes ybadathanaňa tarap tagzym ederin.
9 Ýa Reb, duşmanlarym zerarly,
Öz adalatyňda meni ugrukdyr;
dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.
10 Olaryň agzynda dogry söz ýokdur,
olaryň ýüregi weýrançylykdyr,
olaryň bogazy açyk gabyrdyr,
dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.
11 Eý, Hudaý, olara çykar hökümi,
pällerinden tapyp, ýykylsyn olar;
ýazyklary üçin kowup çykar olary,
çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar.
12 Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn,
elmydama joşup, nagmalar aýtsyn;
çünki olary goraýarsyň Sen,
adyňa aşyklar Sende şat bolsun.
13 Sen ýalkaýarsyň dogry ynsany,
hoşamaýlygyň-da bolýar onuň galkany.