4‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2 Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym!
Maňa jogap ber çagyranymda.
Maňa giňlik berdiň daryganymda,
maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
3 Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli
siz maňa ysnat getirjek?
Haçana çenli puç zady söýüp,
siz ýalana eýerjek? Sela
4 Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin
sadyk adamy saýlap goýandyr.
Reb meni eşidýär çagyranymda.
5 Gaharlanyp, günä galmaň siz,
Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela
6 Dogry gurbanlyklary hödürläň,
Rebbe bil baglaň.
7 «Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür.
Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
8 Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr,
ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
9 Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan;
çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.