3‑nji mezmur
1 Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury.
2 Ýa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi!
Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.
3 Köpler men babatda:
«Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela
4 Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň,
şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
5 Men Rebbe edýärin dady-perýady,
Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela
6 Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin,
sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.
7 Çar tarapdan meniň garşyma çykan
biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.
8 Galk Sen, ýa Reb!
Eý, Hudaýym, halas et meni!
Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň,
erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.
9 Ýeňiş Rebdendir,
berekediň Seniň halkyňyň üstünde bolsun. Sela