2‑nji mezmur
1 Milletler arasyndaky başbozarlyk näme?
Halklar nämä biderek pitne turuzýar?
2 Rebbe we Onuň saýlanyna garşy
dünýä şalary aýaga galýar;
hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.
3 Olar şeýle diýýär:
«Sypyryp taşlalyň gandallaryny
hem-de gyralyň zynjyrlaryny».
4 Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär
hem-de olary masgaralaýar.
5 Şonda olara gahar bilen ýüzlener,
gazabynda olary eýmendirer:
6 «Mukaddes dagym Sionda*
Mendirin Öz patyşamy oturdan».
7 Patyşa: «Men Rebbiň permanyny
yglan edeýin» diýýär.
«Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa –
bu gün Ataň boldum Men.
8 Menden dile, saňa bereýin
milletleri miras hökmünde,
tutuş älem-jahany mülk hökmünde.
9 Sen olary demir hasaň bilen döwersiň,
küýzegäriň golçasy deý çym- -pytrak edersiň».
10 Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň;
dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:
11 Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen:
hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.
12 Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner,
siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda,
çünki tiz tutaşýar onuň gazaby.
Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.