14‑nji mezmur
1 Dawudyň mezmury
Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär?
Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?
2 Kämil gezýän, dogry iş edýän,
hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,
3 dili bilen myjabat ýöňkemeýän,
ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän,
ýakyny barada gybat etmeýän;
4 onuň nazarynda ret edilen ýigrenji,
emma sylaýandyr Rebden gorkýany;
eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;
5 öz puluny göterimine bermeýän,
ýazyksyza garşy para almaýan.
Şeýle ynsan asla yranmaz.