13‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär.
Olar azýar we ýigrenji işleri edýär;
ýagşylyk edýän ýok.
2 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip,
Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.
3 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar,
bary deň derejede haram boldular;
ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
4 Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler?
Olar halkymy çörek ýaly iýýärler
hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.
5 Olar şol ýerde gorka düşerler,
çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.
6 Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini,
ýöne welin Rebdir onuň penasy.
7 Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi!
Reb halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende,
Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar.