81‑nji mezmur
Asafyň mezmury
1 Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip,
ylahy barlyklaryň* arasynda kazylyk edýär.
2 Hudaý şeýle diýýär:
«Haçana dek adalatsyz kazylyk edip,
siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela
3 Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny,
goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.
4 Halas ediň ejiz bilen mätäji,
erbetleriň golundan azat ediň olary.
5 Siz bilmeýärsiňiz, düşünmeýärsiňiz,
siz garaňkylykda ýöreýärsiňiz,
ýeriň binýatlary lerzana gelýär».
6 Men diýýärin: «Siz hudaýlarsyňyz,
Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.
7 Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz,
şazadalar kimin ýykylarsyňyz».
8 Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne
çünki Seniňkidir ähli milletler.