35‑nji bap
Sabat güni hakda kanunlar
1 Musa ähli ysraýyl halkyny ýygnap, olara Rebbiň ýerine ýetirmegi buýran zatlaryny aýtdy: 2 «Alty günüň dowamynda ähli işiňizi ediň, emma Sabat gününi Rebbe bagyş edip, dynç alyň. Şol gün iş eden adam ölüme höküm ediler. 3 Sabat güni ýaşaýan ýeriňiziň hiç bir ýerinde ot ýakmaň».
Mukaddes çadyr üçin sadaka
4 Musa tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Ine, size Rebbiň buýrugy: 5 Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç; 6 gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi; 7 goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy; 8 çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; 9 efoda we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.
10 Araňyzdaky hemme ukyply senetçiler gelip, Rebbiň buýran ähli şu zatlaryny ýasasynlar: mukaddes çadyr, 11 onuň daşky örtügi we ýapynjasy, ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary; 12 sandyk we onuň syryklary, gapagy, tutusy; 13 hantagta we onuň syryklary, ähli enjamlary we Rebbe hödür çöregi; 14 yşyk üçin çyradan, onuň enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag; 15 tütetgi sypasy, onuň syryklary, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja; 16 ýakma gurbanlyk sypasy we onuň bürünçden gözenegi, syryklary, ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni; 17 haýadyň perdeleri, onuň sütünleri, dabanlary, haýadyň derwezesi üçin ýapynja; 18 Mukaddes çadyryň we haýadyň gazyklary, olaryň zynjyrlary; 19 Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary; ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin olaryň ýörite geýimleri».
20 Soňra ähli ysraýyl halky Musanyň huzuryndan dagaşdylar. 21 Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler. 22 Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler. 23 Her kim özünde bar bolan gök, badam, gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini we saýlama deri getirdi. 24 Her kim kümüşden ýa-da bürünçden edilen zadyny Rebbe sadaka getirdi. Şeýle hem, her kim her bir işde ulanyp boljak akasiýa agajyny getirdi. 25 Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler. 26 Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler. 27 Ýolbaşçylar efodyň we gursakçanyň gaşlaryny öýjüklerine oturtmak üçin hakyk we başga-da gymmatbaha gaşlar getirdiler. 28 Olar ýakymly ysly tütetgi üçin, çyra we mesh ýagy üçin hoşboý ysly ösümlikleri we zeýtun ýagyny getirdiler. 29 Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.
30 Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady. 31 Ol ony Öz Ruhy bilen dolduryp, oňa dürli senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi. 32 Ol ökde nakgaş bolup, altyna, kümşe we bürünje dürli nagyşlar saldy. 33 Daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ukyp berdi. 34 Şeýle hem Reb Besalele we dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaba başga adamlara öwretmek ylhamyny hem berdi. 35 Reb olara dürli senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr».