7‑nji bap
Stefan halka ýüzlenýär
1 Onsoň baş ruhany Stefandan: «Bu aýyplamalar dogrumy?» diýip sorady. 2 Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi. 3 ‡Hudaý oňa: „Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git“ diýdi. 4 Şeýlelikde, Ybraýym babyllylaryň ýurduny terk edip, Haranda ornaşdy. Kakasy aradan çykandan soň, Hudaý ony Harandan çykaryp, siziň häzirki oturan ýurduňyza göçürdi. 5 Hudaý bu ýerden onuň özüne mülk bermedi, hatda bir garyş ýer-de bermedi. Emma heniz perzendi bolmasa-da, bu ýurdy onuň nesline mülk edip bermegi wada berdi. 6 ‡Hudaý oňa: „Seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar, şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer. 7 Emma Men seniň nesliňi gula öwren halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ol ýerden çykyp, bu ýerde Maňa sežde ederler“ diýdi. 8 Soňra Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşyp, bu ähtiň nyşany hökmünde sünneti berdi. Şeýlelikde, Ybraýymdan Yshak doguldy, Ybraýym ony sekiz günlükkä sünnet etdi. Yshakdan Ýakup doguldy, ol hem sünnet edildi. Ýakupdan hersi bir tiräni emele getiren on iki ogul dünýä indi, olar hem sünnet edildiler. 9 Olar öz doganlary Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satsalar-da, Hudaý Ýusuby ýeke galdyrmady. 10 Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi. 11 Şol döwürde bütin Müsür we Kengan ýurdy açlyk çekdi, olaryň başyndan agyr gaýgy-hasrat indi. Ata-babalarymyz iýmit tapmadylar.
12 Ýakup Müsürde galla bardygyny eşidip, öz ogullaryny, ýagny biziň atalarymyzy birinji gezek ol ýere ýollady. 13 Ikinji gezekde bolsa Ýusup doganlaryna özüni tanatdy. Şeýlelikde, faraon Ýusubyň maşgalasy barada bildi. 14 Soňra Ýusup öz kakasyny we ähli dogan-garyndaşlaryny ýanyna çagyrdy. Olar jemi ýetmiş bäş adamdy. 15 Ýakup Müsüre gitdi. Ýakup we onuň ogullary, ýagny ata-babalarymyz şol ýerde aradan çykdylar. 16 Olaryň jesetlerini Şekeme äkidip, Ybraýymyň Şekemde Hamoryň neslinden satyn alan mazarynda jaýladylar. 17 Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň wagty golaýladygyça, halkymyzyň sany hem Müsürde barha köpelýärdi. 18 Soňra Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir patyşa tagta çykdy. 19 Ol biziň halkymyza garşy hilegärlik etdi, ata-babalarymyzy ezip, täze doglan çagalaryny ölüme duçar etmek üçin daşary taşlamaga mejbur etdi. 20 Şol wagt Musa eneden doguldy. Ol Hudaýyň nazarynda juda eýjejik çagady. Ene-atasy öýünde oňa üç aý seretdi. 21 Emma ondan soň ony taşlamaga mejbur boldular. Taşlanan çagany faraonyň gyzy tapyp, özüne aldy we öz ogly ýaly terbiýeläp ýetişdirdi. 22 Musa müsürlileriň ähli bilimi öwredildi. Ol sözde hem, işde hem beýik adam bolup ýetişdi.
23 Musa kyrk ýaşyna ýetende, öz ildeşleri bolan ysraýyl halkynyň arasyna görme-görşe gitmegi ýüregine düwdi. 24 Müsürlilerden biriniň ysraýyl halkyndan birine azar berýändigini görende, Musa oňa arka durdy. Ol müsürlini öldürip, ysraýyllynyň aryny aldy. 25 Musa: „Hudaý halkymy meniň üstüm bilen azat etmekçi, halkym muňa düşüner“ diýip pikir etdi, emma olar muňa düşünmediler. 26 Ertesi gün Musa iki ysraýylly adamyň dawalaşyp duranyny gördi we ýanlaryna baryp, olary ýaraşdyrmaga synanyşdy. Olara: „Eý, adamlar, siz dogan ahyry! Näme üçin biri-biriňize azar berýärsiňiz?“ diýdi. 27 Emma öz ildeşine azar berýän adam ony itekläp: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy? 28 Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni-de öldürmekçimiň?“ diýdi. 29 Musa bu gepi eşidenden soň, Midýan ýurduna gaçyp gitdi we ol ýerde gelmişek bolup ýaşady. Bu ýurtda onuň iki ogly dünýä indi.
30 Aradan kyrk ýyl geçenden soň, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran çalynyň ortarasynda oňa bir perişde göründi. 31 Musa ony görüp haýran galdy. Ol bu geň hadysany ýakynrak baryp görmekçi bolanda, Reb oňa şeýle seslendi: 32 ‡„Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“. Musa gorkusyndan titräp başlady we seretmäge ýürek etmedi. 33 Soňra Reb oňa: „Aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr! 34 Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“ diýdi.
35 Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady. 36 Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi. 37 ‡Ine, ysraýyl halkyna: „Hudaý siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar“ diýip aýdan hem şu Musadyr. 38 Çölde ysraýyl halky bilen ýaşan hem şu Musadyr, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip, ata-babalarymyz bilen bile bolan hem şoldur. Ol ýaşaýyş sözlerini kabul edip, olary bize ýetirdi. 39 Emma biziň ata-babalarymyz oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüp, ony ret etdiler we Müsüre dolanmaga maýyl boldular. 40 ‡Olar Haruna: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaýlar ýasap ber, sebäbi bizi Müsürden çykaryp getiren Musa näme bolanyny bilemzok“ diýdiler. 41 Şol wagt olar göläniň şekilinde but ýasap, oňa gurbanlyk berdiler. Olar öz elleriniň işlerine guwanyp, şadyhorram boldular. 42 ‡Emma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan:
„Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde,
Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?
43 Ýok, Molek hudaýyňyzyň çadyryny,
Repa hudaýyňyzyň ýyldyzyny,
sežde etmek üçin öz ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz,
Şonuň üçin sizi Babylyň aňyrsyna sürgün ederin“.
44 Ata-babalarymyzyň çölde äht çadyry bardy. Çadyr edil Hudaýyň Musa buýruşy ýaly, Onuň beren nusgasy boýunça gurlandy. 45 Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy. 46 Hudaýyň nazarynda merhemet tapan Dawut Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady. 47 Iň soňunda Hudaýa ybadathanany Süleýman gurdy.
48 Emma Beýik Hudaý ynsan eli bilen gurlan jaýlarda ýaşamaýar. Pygamberiň aýdyşy ýaly, 49 ‡Reb, olara, ine, şeýle diýdi:
„Gökler Meniň tagtym,
ýer aýagyma kürsüdir.
Maňa nähili öý gurjaksyňyz siz?!
Haýsy ýer dynçlyk mekanym bolar?!
50 Bularyň baryny Öz elim bilen ýaratmadymmy näme?“
51 Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. 52 Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz. 53 Siz perişdeleriň üsti bilen Hudaýyň kanunyny alsaňyz-da, oňa tabyn bolmadyňyz».
Stefan daşlanyp öldürilýär
54 Baş mejlisiň agzalary bu sözleri eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefana dişlerini gyjadylar. 55 Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi. 56 Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi. 57 Şonda olar gulaklaryny ýapyp, hemmesi birden batly gygyryşyp, Stefanyň üstüne topuldylar. 58 Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular. 59 Stefan öz üstüne ýagýan daşlaryň astynda Hudaýa doga edip: «Ýa Rebbim Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi. 60 Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.