18‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2 Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär,
gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
3 Gün söz sözleýär ertirki güne,
gije bilim berýär indiki gijä.
4 Ne gep bar, ne-de bir gürrüň,
eşidilmeýär sesi olaryň.
5 Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy*,
dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri.
Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,
6 Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar,
ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.
7 Gökler gözýetiminden onuň çykyşy,
beýleki gözýetimine onuň aýlawy,
hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.
8 Rebbiň kanuny kämildir,
ol jany täzeleýär.
Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr,
ol akmagy akyldar edýär.
9 Rebbiň buýruklary dogrudyr,
olar ýüregi şatlandyrýar.
Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr,
olar gözleri nurlandyrýar.
10 Rebden gorkmak päkdir,
ýaşaýar ol ebedi.
Rebbiň kararlary ygtybarlydyr,
adyldyr olaryň bary.
11 Arzuwlydyr olar altyndan,
hatda sap altynyň köplüginden-de;
süýjüdir olar ary balyndan,
aryň mum öýjüginden damýan baldan-da.
12 Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly;
olary berjaý etmekde beýik sylag bar.
13 Eýsem öz ýalňyşyny kim aňyp bilýär?
Meni gizlin ýazyklardan tämizle.
14 Öz bendäňi gora betpällik günälerinden,
olar höküm sürmesin meniň üstümden;
men aýypsyz bolaryn şonda,
päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.
15 Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri
goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin,
ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.