19-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2 Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin,
Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.
3 Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin
hem-de Siondan seni goldasyn.
4 Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn,
ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela
5 Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin,
ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.
6 Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys,
Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris.
Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin.
7 Men indi bilýärin: Öz seçip- -saýlanyny Reb halas eder.
Ol golunyň gudratly işleri bilen,
jogap berer Öz mukaddes gögünden.
8 Käbirleri söweş arabalaryna,
käbirleri-de bedewlerine buýsanýar,
biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.
9 Olar büdrär hem-de ýykylar,
biz bolsa turarys hem dik durarys.
10 Ýa Reb! Patyşany halas et,
çagyran wagtymyzda bize jogap ber.