20‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2 Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar,
halas edendigiňe biçak begenýär.
3 Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň;
diliniň dilegini Sen ret etmediň.
4 Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň,
başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.
5 Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň
ebedilik, müdimilik bir ýaşy.
6 Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty,
Sen hormat bilen dabara beslediň ony.
7 Sen oňa ebedi bereket berýäň,
huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.
8 Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa,
Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly
ol sarsdyrylmaz.
9 Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy,
Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.
10 Seniň huzuryň peýda bolanda,
olary edersiň otly tamdyr deý;
Reb ýuwudar olary Öz gaharynda;
ot hem ýalmap iýer olary.
11 Ýer ýüzünden ýok edersiň nesillerini,
ynsanlar arasyndan – zürýatlaryny.
12 Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem,
dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar.
13 Çünki ýüzlerine peýkamlary çenemek bilen
Sen olary yzlaryna öwrersiň.
14 Ýa Reb, beýgel Sen Öz kuwwatyňda,
biz Seniň güýjüň barada
nagma aýdyp, alkyş aýdarys.