24‑nji bap
Isa direlýär
(Matta 28:1-10; Mark 16:1-8; Ýohanna 20:1-10)
1 Hepdäniň birinji güni* ir säher bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly tütetgilerini alyp, mazara bardylar. 2 Olar mazaryň agzyndaky daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. 3 Mazaryň içine girenlerinde bolsa, Reb Isanyň jesedini tapmadylar. 4 Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy. 5 Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz? 6 Ol bu ýerde ýok, Ol direldi! Ol heniz siziň bilen bilekä Jelilede özüňize aýdan zatlaryny ýadyňyza salyň. 7 Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler. 8 Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýadyna düşdi.
9 Aýallar mazardan dolanyp gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler. 10 Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy. 11 Emma bu sözler resullara boş göründi, olar aýallara ynanmadylar. 12 Petrus bolsa ýerinden turup, mazara tarap eňdi. Ol eglip, kepeniň boş ýatanyny gördi. Ol bolan waka geň galyp, yzyna dolandy.
Isa Emmausa barýanlara görünýär
(Mark 16:12,13)
13 Şol gün şägirtlerden ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu oba Iýerusalimden on çakrym* uzaklykda ýerleşýärdi. 14 Olar bolup geçen bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler. 15 Şeýlelikde, gepleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi golaýa gelip, olar bilen bile ýöräberdi. 16 Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy. 17 Isa olardan: «Ýol bolsun! Näme hakda gürrüň edip barýaňyz?» diýip sorady. Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler. 18 Olaryň Kleýop atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerde bolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýip sorady. 19 Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi. 20 Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlarymyz Ony ölüm jezasyna höküm etdirip, haça çüýlemek üçin häkimiň eline tabşyrdylar. 21 Biz bolsa Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy. 22 Üstesine, aýallarymyzyň käbirem bizi haýrana goýdy. Olar şu gün ir bilen mazara baryp, 23 Onuň jesedini tapmandyrlar. Olar biziň ýanymyza gelip, özlerine perişdeleriň görnendigini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmişler. 24 Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, emma Isany görmändirler».
25 Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar! 26 Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi. 27 Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi. 28 Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi. 29 Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy. 30 Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi. 31 Şonda olaryň gözleri açylyp, Isany tanadylar, emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp boldy. 32 Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler. 33 Olar turup, şol pursadyň özünde Iýerusalime dolandylar. Ol ýerde Onbirleri we olaryň ýanynda bile üýşüp oturanlary tapdylar. 34 Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler. 35 Onsoň ol ikisi ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny gürrüň berdiler.
Isa şägirtlere görünýär
(Matta 28:16-20; Mark 16:14-18; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-8)
36 Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi olaryň arasynda durup: «Size salam bolsun!» diýdi. 37 Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler. 38 Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär? 39 Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, emma görşüňiz ýaly, Meniňki bar» diýdi. 40 Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi. 41 Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanyp bilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady. 42 Oňa bişirilen balygyň bir bölegini* berdiler. 43 Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi. 44 Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi. 45 Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy. 46 Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr. 47 Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir. 48 Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz. 49 Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi.
Isa göge göterilýär
(Mark 16:19,20; Resul 1:9-11)
50 Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi. Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi. 51 Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi. 52 Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime dolandylar. 53 Olar hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar.*