12‑nji bap
Ýahuda patyşasy Ýowaş
1 Ysraýyl patyşasy Ýehuwyň şalygynyň ýedinji ýylynda Ýowaş patyşalyk edip başlady. Ol kyrk ýyllap Iýerusalimde patyşalyk etdi. Onuň ejesi Beýerşebadan bolup, ady Sibýady. 2 Ýowaş ömürboýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, çünki Ýehoýada ruhany oňa şeýle tälim beripdi. 3 Muňa garamazdan, seždegähler ýykylmandy. Halk entek-enteklerem şol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
4 Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň. 5 Goý, her bir ruhany şu hazynadarlaryň birinden kümüş alsyn-da, ony Rebbiň öýüniň bejerdilmeli ýeri bar bolsa, şony bejertmek üçin ulansyn». 6 Emma Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda-da ruhanylar Rebbiň öýüniň bejerilmeli ýerlerini bejermändiler. 7 Şonuň üçin hem Ýowaş patyşa Ýehoýada ruhany bilen birlikde beýleki ruhanylary hem çagyryp, olara: «Siz näme üçin Rebbiň öýüni bejermeýärsiňiz? Mundan beýläk siz kümüş ýygnamaň. Ýygnalan kümşi Rebbiň öýüni bejermäge beriň» diýdi. 8 Şeýdip, ruhanylar halkdan kümüş almazlyga we Rebbiň öýüni-de özleri bejermezlige razylaşdylar.
9 Onsoň Ýehoýada ruhany bir sandygy alyp, onuň gapagyndan bir deşik açdy-da, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda, Rebbiň öýüne girilýän ýeriň sag tarapynda goýdy. Gapyny garawullaýan ruhanylar Rebbiň öýüne getirilýän bar kümüşleri şol sandygyň içine salardylar. 10 Sandykda köp kümşüň toplanandygyny görenlerinde, patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, Rebbiň öýündäki bar kümşi sanap, torbalara salyp çekerdiler. 11-12 Onsoň olar çekilen kümşi Rebbiň öýünde işleýän işçilere gözegçilik edýän baştutanlara bererdiler. Olar hem şol kümüşden neçjarlara, Rebbiň öýünde işleýän ussalara, daş örüjilere, daş ýonujylara iş hakyny tölärdiler. Şonuň ýaly hem olar kümşi Rebbiň öýüni bejertmek üçin agajy, ýonulan daşlary satyn almaga we bejeriş üçin zerur bolan başga zatlara harçlardylar. 13 Emma Rebbiň öýüne getirilen kümüşden Rebbiň öýi üçin hiç hili kümüş legenler, müçenekler, şakäseler, surnaýlar ýa-da altyndan, kümüşden başga hiç hili gap-çanaklar ýasalmandy. 14 Çünki ol kümüş Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berilýärdi. 15 Işçilere iş hakyny tölemek üçin ellerine kümüş berlen adamlardan kümşüň hetdi-hasaby soralmaýardy, çünki ol adamlar sadyklyk bilen işleýärdiler. 16 Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.
17 Şol döwürde Siriýa patyşasy Hazaýyl Gatyň üstüne çozup, ony basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwdi. 18 Ýahuda patyşasy Ýowaş atalary bolan Ýahuda patyşalary Ýehoşapadyň, Ýehoramyň, Ahazýanyň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, özüniň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altynyň baryny alyp, Siriýa patyşasy Hazaýyla iberdi. Şondan soň Hazaýyl Iýerusalimden el çekdi.
19 Ýowaşyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 20 Ýowaşyň emeldarlary oňa garşy dildüwşük gurdular we ony Silla gidýän ýolda, Millonyň öýünde öldürdiler. 21 Bu işi eden Ýowaşyň emeldarlary Şimgatyň ogly Ýozabat bilen Şomeriň ogly Ýehozabatdy. Ýowaş dünýäden ötdi we Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.