Patyşalar
Birinji kitap
Giriş
Şamuwel pygamber we Patyşalar kitaplarynda Ysraýyl şalygynyň ir döwürden tä onuň ahyrky günlerine çenli bolup geçen taryhy beýan edilýär.
Bu kitapda Dawut pygamberiň ömrüniň ahyrky günleri barada gürrüň berilýär. Ol indi garrap, ýaşy birçene baran goja, saglygynyň hem öňküligi ýok. Dawut pygamber ysraýyl halkyna baştutanlyk etmegiň indi özüne aňsat däldigine düşünýär. Şonuň üçin-de, ol ogly Süleýmany patyşalyga belleýär.
Süleýman patyşalyga bellenilende, şeýle uly halka baştutanlyk etmek üçin Hudaýdan ilki bilen pähim-paýhas dileýär. Süleýmanyň bu dilegi Hudaýyň göwnüne ýaraýar. Şonuň üçin-de, Ol şeýle diýýär: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin» (3:11-12).
Şunlukda, Süleýman pygamber Hudaýyň beren pähim-paýhasy bilen ysraýyl halkyna 40 ýyl baştutanlyk edýär, Hudaýa sežde etmek üçin ilkinji ybadathanany gurýar, pähim--paýhaslar kitabyny ýazýar. Ol öz döwrüniň iň tanymal patyşalarynyň biri bolýar. Ýöne onuň çendenaşalyga ýykgyn edendigini hem belläp geçmelidir. Mysal üçin, onuň döwründe halkdan ýygnalan salgydyň mukdary has-da artýar, aýaldyr gyrnaklarynyň sany juda köp bolýar.
Süleýman aradan çykandan soň onuň patyşalygy Demirgazyk we Günorta patyşalyklaryna bölünýär. Demirgazyk patyşalygy Ysraýyl, Günorta patyşalygy hem Ýahuda atlary bilen bellidir. Patyşalar kitaplarynyň ikisinde hem Ysraýyl we Ýahuda patyşalyklaryň Hudaýyň buýruklaryna näderejede tabyn bolandyklary beýan edilýär. Patyşalaryň diňe birnäçesi Rebbiň buýruklaryna tabyndylar. Beýleki patyşalar bolsa öz bitabynlyklary zerarly özlerini we tutuş halky Hudaýyň jezasyna sezewar etdiler. Şalyklaryň aman galan raýatlary Aşur we Babyla sürgün edilende, Ysraýyl we Ýahuda patyşalyklarynyň hökmürowanlygy tamamlanýar. Iýerusalimiň we ybadathananyň diwarlary babyllylar tarapyndan weýran edilýär. Emma wagtyň geçmegi bilen Ýahuda patyşalygy gaýtadan dikeldilýär. Bu wakalar Ezra we Nehemýa kitaplarynda beýan edilýär.
Bu kitapda Ylýas pygamber barada hem gürrüň berilýär. Ol Hudaýyň güýji arkaly mugjyzalardyr gudratlary görkezen pygamberdir.
Mazmuny
Dawudyň patyşalygy tamamlanýar1:1–2:12
Süleýman patyşa saýlanylýar2:13-46
Süleýmanyň şalygynyň irki ýyllary3:1–4:34
Ybadathana gurulýar5:1–8:66
Süleýmanyň şalygynyň soňky ýyllary9:1–11:43
Patyşalyk bölünýär12:1–22:53
Demirgazyk tireleri gozgalaň turuzýar12:1–14:20
Ysraýylyň we Ýahudanyň patyşalary14:21–16:34
Ylýas pygamber17:1–19:21
Ysraýyl patyşasy Ahap20:1–22:40
Ýahuda patyşasy Ýehoşapat we Ysraýyl patyşasy Ahazýa22:41-53