Patyşalar
Ikinji kitap
Giriş
Patyşalar baradaky ikinji kitapda Ysraýylyň Demirgazyk we Günorta patyşalyklarynyň taryhy beýan edilýär. Bu kitap iki bölümden ybaratdyr. Onuň birinji bölüminde b. e. öň IX asyryň ortalaryndan tä b. e. öň 722‑nji ýylda Demirgazyk patyşalygynyň paýtagty Samariýanyň synmagyna çenli bolan taryhy wakalar beýan edilýär. Kitabyň ikinji bölüminde ysraýyl halkynyň ýesirlige alnyp, b. e. öň 586-njy ýylda Günorta patyşalygynyň paýtagty Iýerusalimiň Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan weýran edilmegine çenli bolup geçen wakalar beýan edilýär. Kitap Gedalýanyň babyllylaryň gol astyndaky ýahuda halkyna häkimlik edişi baradaky we Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň Babyl türmesinden boşadylyşy baradaky wakalar bilen tamamlanýar.
Kitapda beýan edilen betbagtçylyklar Ysraýyl, Ýahuda patyşalarynyň we halkyň Hudaýy ret edip, butlara sežde edendikleri zerarly boldy. Emma Iýerusalimiň weýran edilip, ýahudalaryň Babyla sürgün edilmegi soňra Ysraýyl taryhynda uly özgerişlikleriň we ruhy galkynyşlaryň bolmagyna ýardam berdi.
Mazmuny
Bölünen patyşalyk1:1–17:41
Elýaşa pygamber1:1–8:15
Ysraýyl we Ýahuda patyşalary8:16–17:4
Samariýanyň synmagy17:5-41
Ýahuda patyşalygy18:1–25:30
Hizkiýadan Ýoşyýa çenli bolan patyşalar18:1–21:26
Ýoşyýanyň şalyk sürmegi22:1–23:30
Ýahudanyň soňky patyşalary23:31–24:20
Iýerusalimiň synmagy25:1-30