Şamuwel pygamber
Ikinji kitap
Giriş
Şamuwel pygamber baradaky ikinji kitapda Dawut pygamberiň patyşalyk süren ýyllary beýan edilip, Şamuwel pygamber birinji kitap dowam edýär. Dawut pygamber ysraýyl halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran patyşadyr. Ol öz şalyk süren döwründe ysraýyl goşunyna serkerdelik edip, Iýerusalim şäherini eýeleýär. Bu şäher soňra Ýahuda welaýatynyň we tutuş Ysraýyl döwletiniň paýtagty bolýar.
Dawut pygamberiň sadyk ýüregi, Hudaýyň buýruklaryna yhlas bilen ýapyşmagy Ony hoşnut edýärdi. Şonuň üçin-de, Hudaý Dawuda onuň nesliniň hiç wagt şalyk tagtyndan düşmejekdigini wada berýär.
Kitabyň ikinji bölüminde Dawut patyşanyň durmuş kynçylyklary beýan edilýär. Ol indi milli goşunyň gaýduwsyz ýaş serkerdesi däl. Ol ysraýyl halky üçin köp ýerleri eýeläp, indi tapdan düşen patyşa hökmünde suratlandyrylýar. Dawut käwagt rehimsizlik edip, öz göwün isleglerine we bähbitlerine kowalaşyp, Hudaýyň nazarynda pislik saýylýan günäleri edýär. Şeýle günäleri üçin Hudaý ony berk jezalandyrýar. Emma Dawudyň bir üýtgeşik häsiýeti bar: ol eden günäsine düşünen badyna toba edip, Hudaýdan ötünç soraýar, Onuň bilen gatnaşygy dikeltjek bolup jan-tenden yhlas edýär.
Dawut pygamber ömrüniň ahyrynda elden gideren şalygyny doly dikeldip bilmeýär. Emma muňa garamazdan, ondan soň onuň tagtyna ogly Süleýman çykýar. Patyşalar birinji kitapda Süleýmanyň şalyk süren döwri beýan edilýär.
Mazmuny
Dawudyň Ýahudanyň üstünden hökümdarlyk etmegi1:1–4:12
Dawudyň tutuş Ysraýylyň üstünden hökümdarlyk etmegi5:1–9:13
Dawudyň Batşeba bilen eden günäsi10:1–12:31
Dawudyň maşgalasyndaky betbagtçylyklar13:1–14:33
Dawudyň patyşalygyndaky betbagtçylyklar15:1–20:26
Dawudyň hökümdarlygy hakyndaky beýleki maglumatlar21:1–24:25