Şamuwel pygamber
Birinji kitap
Giriş
Şamuwel pygamber barada iki kitap ýazylyp, olar onuň hatyrasyna atlandyrylandyr. Hudaýyň ylhamyndan dolan bu pygamber ysraýyl halkynyň taryhynda görnükli orunlaryň birini eýeleýär.
Serdarlar döwri tamamlanyp barýardy. Ysraýyl halky daş-töwerekdäki halklarda bolşy ýaly, özlerine patyşa saýlamak isläp, muny Şamuwel pygamberden talap edýär. Şamuwel pygamber gelejekki patyşalaryň olara sütem etjekdigini, emläklerini, ogul-gyzlaryny zorluk bilen aljakdygyny, özi üçin işlemäge mejbur etjekdigini halka duýdurýar. Emma halk niýetinden dänmän, özlerine patyşa bellemegini Şamuwel pygamberden talap edýär.
Şamuwel pygamber halkyň islegini bitirmek üçin Hudaýa doga-dileg edýär. Hudaý hem oňa Kiş ogly Şawuly görkezýär. Şeýdip, ol ysraýyl halkynyň ilkinji patyşasy bolýar. Emma Şawul Hudaýyň tabşyryklaryny saklaman, Onuň buýruklaryna boýun bolmansoň, patyşalykdan mahrum edilýär. Hudaý onuň deregine goýun bakyp, gije-gündiz Hudaýa sežde nagmalaryny aýdýan pespäl, hoşgylaw we batyrgaý Dawut pygamberi saýlaýar. Ol ysraýyl halkyna hüjüm edýän piliştlileriň Jalut atly pälwanyny ýeňýär. Dawut Hudaýyň ylhamyndan we güýjünden dolup, ysraýyl halkyna görlüp-eşidilmedik ýeňişler getirýär.
Kitapda Rebbiň Dawut pygamber bilen baglanyşan ähti barada hem beýan edilýär. Dawut Rebbe sežde etmek üçin bir ybadathana gurmakçy bolýar. Emma Reb sežde öýüni Dawudyň oglunyň gurjakdygyny aýdýar. Şeýle-de Reb Dawudyň nesil şalygyny baky berkarar etjekdigini wada berýär.
Mundan başga-da, Dawut pygamber ökde sazanda bolup, Hudaýa ençeme mezmurlary bagyş edýär. Bu mezmurlar biziň günlerimizde-de aýdylýandyr!
Mazmuny
Şamuwel pygamber Ysraýylyň soňky serdary1:1–7:17
Şamuwel Şawuly Ysraýylyň ilkinji patyşasy edip belleýär8:1–12:25
Reb Şawulyň patyşalygyny ret edýär13:1–15:35
Şamuwel Dawudy patyşalyga belleýär16:1–18:16
Şawul Dawudy öldürmekçi bolýar18:17–27:12
Şawulyň soňky söweşi28:1–31:13