Rut
Giriş
Rut kitabyndaky wakalar Ysraýyl sedarlary kitabynda beýan edilen gyzgalaňly wakalaryň döwründe bolup geçýär. Mowaply Rut diýen gyz bir ysraýylla durmuşa çykýar. Emma aradan birnäçe wagt geçenden soň, onuň adamsy ýogalyp, dul galýar. Onuň gaýynenesi Nagomy öz ata ýurdy Ýahuda dolanmakçy bolanda, Ruta ak pata berip, ony atasy öýüne goýberýär. Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar» diýýär. Rutuň gaýynenesine şeýle wepadarlygy, ysraýylyň Hudaýyna bolan çuňňur söýgüsi üçin Hudaý ony ýalkaýar. Rut öňki adamsynyň garyndaşyna durmuşa çykyp, Dawut pygamberiň enesi bolýar. Ruty şeýle ýalkamak bilen, Hudaý adamlaryň aslyna däl-de, onuň ýüregine garaýandygyny mälim edýär.
Mazmuny
Nagomynyň Rut bilen Beýtullahama gaýdyp gelmegi1:1-22
Rutuň Bowaza duşmagy2:1–3:18
Bowazyň Ruta öýlenmegi4:1-22