Rut
1‑nji bap
Elimelek maşgalasy bilen Mowaba göçüp gidýär
1 Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler. 2 Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan, efrat tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar.
3 Nagomynyň adamsy Elimelek aradan çykandan soň, ol iki ogly bilen dul galdy. 4 Onuň ogullary mowaply gyzlara öýlendiler. Gyzlaryň biriniň ady Orpa, beýlekisiniň ady Rutdy. Elimelegiň maşgalasy Mowapda on ýyl töweregi ýaşandan soň, 5 ogullary Mahlon bilen Kilýon hem ölüp, Nagomy ogullaryndan hem adamsyndan mahrum boldy.
Nagomy bilen Rut Beýtullahama gaýdyp gelýärler
6 Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi. 7 Olar öz ýaşaýan ýerlerinden çykyp, Ýahuda tarap, üç bolup ýöräp ugradylar.
8 Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýynataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin. 9 Siziň durmuşa çykyp, indiki adamyňyz bilen rahat ýaşamagyňyza Reb ýardam etsin» diýip, olary ogşady. Emma olaryň ikisi-de ses edip aglaşdylar.
10 Gelinleri: «Ýok, biz seniň bilen bile seniň halkyň arasyna gideris» diýdiler.
11 Nagomy: «Gaýdyň gyzlarym! Siz näme üçin meniň bilen gitjek?! Indi men size öýlener ýaly ogul dogrup bilmen ahyryn. 12 Gyzlarym, yzyňyza gaýdyň, öz ýoluňyz bilen gidiň! Men indi äre barardan garry. Eger-de: „Mende entek umyt bar“ diýip, edil şu gijäniň özünde meniň adamym bolup, ýene ogullary dünýä inderäýenimde-de, 13 olar kemala gelýänçä, siz garaşarmydyňyz? Olara durmuşa çykmak üçin siz başga äre barman saklanarmydyňyz? Ýok, gyzlarym, meniň ýagdaýym siziňkiden has agyr, çünki meniň garşyma çykan – Rebbiň hut Özi» diýdi.
14 Olar ýene-de ses edip aglaşdylar. Orpa gaýynenesini ogşap hoşlaşdy, emma Rut Nagoma ýapyşdy.
15 Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi.
16 Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar. 17 Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.
18 Nagomy Rutuň yzyna gaýtmajagyna hem-de özi bilen galjagyna göz ýetirenden soň, oňa hiç zat diýmedi.
19 Şeýdip, olaryň ikisi-de Beýtullahama çenli ýöräp gaýtdylar. Olar Beýtullahama gelip ýetenlerinde, bütin gala herekete gelip, aýallar: «Bu Nagomymy?!» diýip, bir-birlerinden soraşdylar.
20 Nagomy olara garap: «Siz maňa Nagomy* diýmäň, Mara* diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa gaty ajy durmuş berdi. 21 Men bu ýerden gidenimde doly gidipdim, ýöne Reb meni yzyma boş gaýtardy. Reb hasrat çekdirýän wagtynda, siz nädip maňa Nagomy diýip bilýärsiňiz? Gudratygüýçli meni betbagt etdi» diýdi.
22 Şeýlelikde, Nagomy özüniň mowaply gelni Rut bilen Mowap ýurdundan yzyna gaýdyp geldi. Olar Beýtullahama arpa oragynyň başyna geldiler.