Ysraýyl serdarlary
Giriş
Ysraýyl serdarlary kitaby ysraýyl halkynyň baştutansyz ýaşan döwrüni beýan edýär. Şol döwürde dagynyk ýaşap ýören ysraýyl tirelerini bütewi bir millete öwrüp biljek serdarlar gerekdi, sebäbi goňşy halklar olaryň üstüne çozup, halky dyngysyz ezýärdiler. Şonuň üçin-de, Reb ysraýyl tirelerini birleşdirjek serdarlary saýlaýardy. Bu serdarlar halka baştutanlyk edip, ysraýyllaryň duşmanlaryna garşy söweşýärdiler. Bulardan başga-da olar tireleriň ýer we beýleki emläkler babatdaky dawaly meselelerini çözýärdiler.
Şeýle serdarlaryň biri-de Şimşondy. Ol güýçli şahsy häsiýetleri bilen köpleri yzyna eýerdýärdi, ýöne öz etjek işlerinde käwagt ysraýyl halkyna geňeşmeýärdi. Emma ysraýyllaryň özleri hem etjek işlerinde köplenç Hudaýa geňeşmeýärdiler. Olar Onuň buýruklaryny bozup, bitabyn bolýardylar, başga halklaryň butlaryna sežde edýärdiler, özlerini müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýy unudýardylar. Olaryň şeýle boýnuýogynlyklary zerarly Hudaý olary Öz penakärliginden mahrum edýärdi. Şonda goňşy halklar olaryň üstüne çozup, mal-mülklerini olja, ogul-gyzlaryny ýesir alýardylar. Ysraýyllaryň şeýle bitabynlyklary zerarly olar özlerine wada berlen ýurdy we aýratyn hukugy, ýagny Hudaýyň halky bolmak hukugyny ýitirmek howpy döreýärdi. Hudaýyň ysraýyllara ýurdy we Öz halky bolmak hukugyny berip, olar bilen äht baglanyşy barada Kanun taglymaty kitabynda beýan edilýär. Şol ähte laýyklykda, ysraýyl halky Hudaýa tabyndyklary üçin ýalkanyşa mynasyp, bitabynlyklary üçin gargyşa duçar bolmalydylar.
Mazmuny
Ýeşuwanyň ölümine çenli bolan wakalar1:1–2:10
Ysraýyl serdarlary2:11–16:31
Dürli wakalar17:1–21:25