Ýeşuwa
Giriş
Ýeşuwa kitabynda ysraýyllaryň Kengan ýurduny (häzirki Ysraýyl) eýeleýşi beýan edilýär. Hudaý birwagtlar Ybraýyma bu ýurdy onuň nesline mülk edip berjekdigini wada edipdi. Şu wadanyň berjaý bolmaly wagty ýetip gelende, ysraýyllar Müsürden çykyp gaýdýarlar. Emma olar Kengana ýetmezlerinden öň öz boýnuýogynlyklary zerarly 40 ýyllap Arap ýarym adasyndaky çölde sergezdan gezmeli bolýarlar. Şol döwürde olara Musa pygamber, soňra bolsa Ýeşuwa pygamber ýolbaşçylyk etdi.
Kengan mes toprakly, giň ýaýlaly, beýik dagly ýurtdy. Ysraýyllar bu ýurda ýetmek üçin, Iordan derýasyndan geçmelidiler. Derýadan geçilmeli wagty onuň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup-daşýardy. Emma Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna, derýanyň akymy togtaýar. Şeýdip, tutuş halk derýanyň guran hanasyndan onuň beýleki kenaryna geçýär. Derýanyň joşgunly suwlarynyň togtamagy Hudaýyň olar bilendigini subut edýärdi.
Kengan ýurdunda ýaşaýan halklaryň gitdigisaýy artýan günäleri Rebbi gaty gaharlandyrýardy. Şonuň üçin-de, Ol ysraýyllara bu ýurtda ýaşaýan halklary ýok edip, olaryň mal-mülklerini, emläklerini bütinleý weýran etmegi buýurýar. Ysraýyllar Hudaýyň buýrugyna tabyn bolup, olja alnan zatlaryň baryny Oňa bagyş edýärler. Şunlukda, ysraýyllar Hudaýyň kömegi bilen Kengan ýurduny eýeleýärler.
Ysraýyllar Kengany eýelänlerinden soň, ol ýerde ekin ekip, mal-garalaryny bakyp başlaýarlar. Şol döwürde ysraýyl halkyna Nun ogly Ýeşuwa ýolbaşçylyk edýärdi. Nun ogluna bu ady Musa pygamber dakypdy. Kitap onuň hatyrasyna «Ýeşuwa» diýip atlandyrylýar. Ýeşuwa adynyň manysy «Reb ýeňiş berýär» diýmegi aňladýar.
Mazmuny
Kenganyň basylyp alnyşy1:1–12:24
Ýer paýlanyşygy13:1–21:45
Iordan derýasynyň gündogaryndaky ýerler13:1-33
Iordan derýasynyň günbataryndaky ýerler14:1–19:51
Gaçybatalga galalary20:1-9
Lewilere berlen galalar21:1-45
Gündogar tireleriniň dolanmagy22:1-34
Ýeşuwanyň hoşlaşyk sözi23:1-16
Şekemde täzeden äht baglaşylmagy24:1-33