Kanun taglymaty
Giriş
Ysraýyl halky Iordan derýasyndan geçip, Kengany basyp almagyň öňüsyrasyndady. Emma Hudaý Musa pygamberi ysraýyllary Kengan ýurduna getirmekden saklady. Çölde kitabynda Hudaý Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda öljekdigini aýdypdy. Musa ysraýyl halkynyň öňünde hoşlaşyk sözüni sözläp, halka Hudaýyň kanunlaryny ýatlatdy.
Şeýle hem Musa ysraýyllara geçen kyrk ýyly ýatlatdy. Hudaý ysraýyllary Müsürden halas edip, çölde olaryň aladasyny etdi, emma ysraýyllar Hudaýa hemişe wepaly bolmadylar, Ony diňlemediler.
Musa ysraýyllara Rebbe ybadat edip, Onuň tabşyryklaryny berjaý etseler, duşmanlaryndan üstün çykyp, güýçli halk boljakdygyny aýtdy. Emma ähti bozup, butlara sežde etseler, Rebbiň halka nejis nälet siňdirjekdigi barada duýdurdy. Bu näletiň netijesinde duşmanlar olardan üstün çykarlar, olar öz ýurtlaryndan we janlaryndan mahrum bolarlar. Şeýle-de, bu kitap geljekki patyşanyň özüni nähili alyp barmalydygyny öwredýär.
Mazmuny
Halk çöllükde1:1–3:29
Musa pygamber halky Äht bilen tanyşdyrýar4:1–11:32
Ähtiň talaplary12:1–26:19
Ähtiň däp-dessurlary27:1–30:20
Musa pygamberiň soňky sözi31:1–34:12