Çölde
Giriş
Çölde kitabynda ysraýyl halkynyň müsür gulçulygyndan soňky taryhy beýan edilýär. Ysraýyl halky Sinaý dagyndan wada berlen Kengan ýurduna ýetýänçä, kyrk ýyllap çölde gezmeli bolýar. Şonuň üçin-de, bu kitap Çölde diýip atlandyrylyp, şol kyrk ýylyň dowamynda bolup geçen wakalary beýan edýär.
Kitap üç bölümden ybaratdyr. Birinji bölümde (1:1–9:23) Hudaý Musa pygambere ysraýyl halkyny sanamagy buýurýar. Soňra Ol Musa ysraýyl halkyna düşelge gurup, lewileri hyzmata bellemek üçin görkezmeler berýär. Bu bölüm hemmeleriň Pesah baýramçylygyny belläp, Rebbe gurbanlyklar hödürlemegi bilen tamamlanýar.
Ikinji bölümde (10:1–21:35) ysraýyllaryň Iordan derýasynyň gündogarynda ýaşaýan millete tarap, ýagny Mowaba barýarkalar, ýolda bolup geçen wakalar beýan edilýär. Çölüň içinden geçilen bu ýol gaty agyrdy. Halk ýygy-ýygydan arz-şikaýat edip, Musanyň we Hudaýyň garşysyna baş göterýär. Ysraýyllar Kenganda ýaşaýan milletler barada eşidip, ýurda girmekden boýun towlaýarlar. Şonuň üçin-de, Reb olary jezalandyryp, kyrk ýyllap çölde ýaşadýar. Bu bölüm halkyň Mowapdaky Pisga dagynyň golaýynda düşlemegi bilen tamamlanýar.
Üçünji bölüm (22:1–36:13) ysraýyllaryň ýurduň diňe Iordan derýasynyň gündogar tarapyny – günortada Mowap araçäginden demirgazykda Jelile kölüne çenli aralygy basyp almagy bilen başlanýar. Mowap patyşasy ysraýyl halkyna nälet okatmak üçin, keseki Bilgam pygamberi hakyna tutýar. Emma ol pygamber halka nälet okaman, Rebbiň buýrugyna görä ony ýalkaýar.
Ysraýyllar Iordan derýasyndan geçip, Kengan ýurduny basyp almaga taýýarlyk görýärler. Ýöne halkyň bir bölegi Iordan derýasynyň gündogarynda galmagy makul bilýär. Şeýdip, Ysraýyllar ikinji gezek hasaba alynýar. Reb Ýeşuwany Ysraýyla baştutan belleýär we oňa tireleriň arasynda ýurdy paýlamaga kömek eder ýaly, başga baştutanlary-da saýlaýar. Kitap Rebbiň ysraýyllara goşmaça kanunlary bermegi bilen tamamlanýar.
Çölde kitaby gozgalaňçy, ruhdan düşen we Rebbiň öz aladasyny etjegine ynanmakdan boýun gaçyran halk hakyndadyr. Kitapda Rebbiň uruşda halky gorap, ýowuz çölde olary azyk, suw bilen üpjün edişi görkezilýär. Reb Özüniň ysraýyllary ýok etmek islemeýändigini ençeme gezek aýdýar. Reb, edil Harunyň dileg edişi ýaly, olary ýalkamak isleýär:
«Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn! Reb güler ýüzi bilen baksyn, size merhemet etsin! Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin!»
Mazmuny
Sinaý dagynda: ýola düşmäge taýýarlyk1:1–9:23
Çölde: başbozarlar, ölüm we ýeňiş10:1–21:35
Mowap düzlüginde: ýurda girmäge taýýarlyk22:1–36:13