Ysraýyl serdarlary
1‑nji bap
Ysraýyllar kenganlar bilen söweşýärler
1 Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.
2 Reb: «Ýahuda tiresi çykar: ine, Men bu ýurdy olaryň eline berjekdirin» diýdi.
3 Ýahudalar şimgon tiresine: «Biziň paýymyza düşen ýer üçin kenganlaryň garşysyna bile söweşmäge geliň. Biz hem siziň paýyňyza düşen ýer üçin söweşmäge bararys» diýdiler. Şimgonlar olar bilen bile gitdiler. 4 Ýahudalar söweşe girdiler, Reb kenganlary we perizleri olaryň eline berdi. Olar Bezek diýen ýerde duşmanyň on müňüsini öldürdiler. 5 Bezekde olar Adonybezege sataşdylar, onuň bilen söweşip, ony ýeňdiler, kenganlary we perizleri derbi-dagyn etdiler. 6 Adonybezek gaçdy, ýöne onuň yzyndan kowup tutup, onuň elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklaryny çapdylar. 7 Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; ol şol ýerde öldi.
8 Soňra ýahudalar Iýerusalimi basyp alyp, onuň ilatyny gylyçdan geçirdiler we galany otladylar. 9 Ondan soň olar daglykda, Negepde we günbatar baýyrlykda ýaşaýan kenganlaryň garşysyna söweşe girdiler. 10 Köne ady Kirýatarba bolan Hebronda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaý, Ahyman we Talmaý baştutanlaryny boýun egdirdiler.
11 Bu ýerden ol Debiriň ilaty bilen uruşmaga gitdi. Debire öň Kirýatseper diýilýärdi. 12 Kalep: «Ýeňiş gazanyp, Kirýatseperi basyp alana, gyzym Aksany gelin edip berjek» diýdi. 13 Bu galany Kalebiň dogany, Kenazyň ogly Otniýel basyp aldy. Kalep öz gyzy Aksany oňa berdi.
14 Toý güni Aksa öz kakasynyň ýanyna gidip, ondan ýer dilemek üçin Otniýelden razylyk aldy. Aksa baryp, eşeginden düşende, Kalep ondan: «Gyzym, näme dilegiň bar?» diýip sorady. 15 Aksa kakasyna: «Maňa peşgeş bersene. Sen maňa Negep çölüniň gurak ýerlerini berdiň, maňa suw bulaklaryny-da beräý!» diýdi. Şunlukda, Kalep ýokarky we aşaky çeşmeleri hem oňa bagyş etdi.
16 Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar. 17 Soňra ýahudalar şimgonlar bilen bilelikde, Sepat galasynda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, olary ýeňdiler. Olar galany Rebbe bagyş edip, bütinleý ýok etdiler we onuň adyna Horma* dakdylar. 18 Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar. 19 Reb ýahudalar bilen biledi. Olar daglykda ýaşaýanlary ýeňip, olary kowup çykardylar, emma düzlükde ýaşaýanlary ýeňip bilmediler, sebäbi olaryň demir söweş arabalary bardy. 20 Musanyň wada edişi ýaly, Hebron Kalebe berildi. Ol bolsa anaklaryň üç urugyny ol ýerden kowup çykardy. 21 Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler.
22 Ýusubyň nesilleri Beýteliň garşysyna söweşe çykdylar. Reb olar bilendi. 23 Olar Beýtele (galanyň öňki ady Luzdy) gözden geçirmek üçin öz jansyzlaryny iberdiler. 24 Jansyzlar galadan gelýän bir adamy gördüler, ony tutup, oňa: «Eger bize galanyň girelgesini görkezseň, biz saňa rehimdarlyk ederis» diýdiler. 25 Ol adam bulara galanyň girelgesini görkezdi. Ýusubyň nesilleri galany gylyçdan geçirdiler, ýöne bu adama hem onuň kowum-garyndaşlaryna degmediler. 26 Ol adam hetleriň ýurduna baryp, ol ýerde gala gurdy we öň ýaşan galasynyň hatyrasyna onuň adyna Luz dakdy. Ol gala häzire çenli şol at bilen atlandyrylýar.
27 Manaşalar Beýtşeýan, Tagnak, Dor, Iblegam, Megido galalarynyň we olara degişli obalaryň ilatyny kowup çykarmadylar, şeýdip, kenganlar şol ýerde ýaşadylar. 28 Ysraýyllar güýçlenenden soňra, olar kenganlary bütinleý kowup çykarmadylar-da, mejbury iş edýänlere öwürdiler.
29 Efraýymlar hem Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar, kenganlar olar bilen bir ýerde ýaşadylar.
30 Şeýlelikde, zebulunlar Kitron we Nahalal galalarynyň ilatyny kowmadylar, kenganlar olar bilen ýaşaberdiler, ýöne kenganlar olary mejbury iş edýänlere öwürdiler.
31 Aşerler Akko, Sidon, Ahlap, Akzyp, Helba, Afyk we Rehop galalarynyň ilatyny kowmadylar. 32 Şeýdip, aşerler şol ýeriň ilaty bolan kenganlaryň arasynda ýaşaberdiler, çünki olary kowmadylar.
33 Naftalylar Beýtşemeşiň, Beýtanadyň ilatyny – kenganlary kowman, olaryň arasynda ýaşadylar. Emma olar Beýtşemeş bilen Beýtanadyň ilatyny mejbury iş edýänlere öwürdiler.
34 Amorlar danlary daglyga tarap gysdylar, olary düzlüge goýbermediler. 35 Amorlar Heres dagynda, Aýalonda, Şagalbymda ýaşamagy ýüreklerine düwdüler; Ýusubyň nesilleri güýçlenende, olar amorlary mejbury iş edýänlere öwürdiler. 36 Amorlaryň serhedi Içýan geçidinden Sela gaýasyna çenli, hatda ondan hem aňry uzalyp gidýärdi.