15‑nji bap
Elipaz Eýýuba jogap berýär
1 Onsoň teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2 «Akylly adam boş sözler bilen jogap berermi?
Özüni gündogar şemalyndan doldurarmy?
3 Ol biderek gep bilen,
dereksiz sözler bilen dawa- -jenjel turzarmy?
4 Hudaýdan heder etmegi aradan aýyrýarsyň,
Hudaý barada oýlanmaga päsgel berýärsiň.
5 Etmişiň gepiňe täsir edýär,
hilegäriň dilinde gürleýärsiň.
6 Seni ýazgarýan men däl, öz agzyň,
dodaklaryň saňa garşy şaýatlyk edýär.
 
7 Ilki doglan ynsan senmisiň?
Daglardan öň ýaradyldyňmy?
8 Hudaýyň mejlisini diňlediňmi?
Ýeke-täk dana adamdyryn öýdýäňmi?
9 Biziň bilmeýän haýsy zadymyzy bilýärsiň?
Biziň düşünmeýän haýsy zadymyza düşünýärsiň?
10 Bizde çal saçly-da, gojalar-da bardyr,
olaryň ýaşlary seň kakaňkydan-‑da uludyr.
11 Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi?
Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?
12 Ýüregiň nämä möwç alýar?
Gözleriňden näme üçin ot syçraýar?
13 Näme üçin Hudaýa gazaplanyp,
agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?
14 Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr?
Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?
15 Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär,
gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl.
16 Etmişi suw kimin içýän,
ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.
 
17 Diňle meni, saňa düşündireýin,
görenimi beýan edeýin,
18 akyldarlaryň aýdanlaryny,
ata-babalarynyň gizlemedik pähimlerini.
19 (Ýurt diňe aralarynda gelmişek bolmadyk
ata-babalara berlendi.)
20 Pisler bütin ömrüne ejir çekýändirler,
zalymlara berlen ýyllar sanalgydyr.
21 Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez,
asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler.
22 Garaňkylykdan gutuljagyna ynam ýokdur olarda,
olaryň takdyry gylyçdyr.
23 „Niredekä?“ diýip, bir döwüm nan üçin sergezdanlyk edýärler,
garaňkylyk gününiň ýakyndygyny bilýärler.
24 Alada we horluk olary gorkuzýar,
söweşe taýynlanan şa kimin olara hüjüm edýär.
25 Çünki pisler Hudaýa garşy el göterýär,
Gudratygüýçlä garşy çykýar.
26 Boýnuýogynlyk edip, galyň, ýumry galkany alyp,
Hudaýyň üstüne topulýarlar olar.
27 Ýüzlerinden ýag damyp,
billerini ýag alsa-da,
28 weýran edilen şäherlerde,
harabaçylyga öwrülen,
oturylmaýan, adamsyz öýlerde ýaşarlar.
29 Hiç haçan baýamazlar, baýlyklary uzaga çekmez,
mal-mülkleri ýer ýüzüne ýaýramaz.
30 Garaňkylykdan gaçyp bilmezler,
pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar,
Hudaýyň demine ýok bolarlar.
31 Boşluga bil baglap, özlerini aldatmasynlar,
çünki boşluk olaryň muzdy bolar.
32 Wagtyndan öň işi gaýdar,
pudaklary gögermez.
33 Gök üzümleri dökülen üzüm agajy,
gülleri dökülen zeýtun agajy ýalydyr olar.
34 Çünki hudaýsyzlaryň jemagaty gysyr galar,
parahorlaryň-da çadyrlaryny ot alar.
35 Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar,
içleri hem hileden doludyr».