15‑nji bap
Mowaba garşy pygamberlik
1 Mowap hakyndaky pygamberlik:
Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri
bir gijede harabalyga öwrülýär,
Mowap weýran boldy!
Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri
bir gijede harabalyga öwrülýär,
Mowap weýran boldy!
2 Dibon halky aglamak üçin ybadathana,
seždegählere çykýar;
Mowap halky Nebo,
Meýdeba üçin perýat edýär.
Her kesiň başy takyrlanýar,
her kesiň sakgaly syrylýar.
3 Köçelerinde jul geýinýärler,
üçeklerde, meýdançalarda
her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.
4 Heşbon bilen Elgala nalyş edýär,
sesleri Ýahasa çenli eşidilýär.
Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar,
gorkudan ýürekleri galdyraýar.
5 Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär,
gaçgaklary Sogara,
Eglat Şelişiýa gaçýarlar.
Olar aglaşyp,
Luhutyň ýokarsyna çykýarlar.
Weýrançylykdan perýat çekýärler
Horonaýym ýolunda.
6 Nimrim suwlary gurady;
otlar soldy, täze ot gögermedi,
gök öwüsýän zat galmady asla.
7 Munuň üçin gazanan baýlyklaryny,
bar toplan zatlaryny
söwüt jülgesine äkiderler.
8 Agy bilen doldy
tutuş Mowap ýurdy;
olaryň perýady Eglaýyma,
nalyşy Beýerelime ýetýär.
9 Dimonyň suwlary gandan doly,
emma Men mundanam beterini getirerin
Dimonyň başyna,
Mowapdan gaçanlaryň,
ýurduň aman galanlarynyň
üstüne şir getirerin.