14‑nji bap
Ýesirler gaýdyp gelýärler
1 Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler. 2 Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul--gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.
3 Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende, 4 Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz:
«Ine, zulumkeşiň soňy geldi!
Onuň tekepbirligi tamam boldy!
5 Reb pisleriň taýagyny,
hökümdarlaryň hasasyny döwdi.
6 Ol halklara gazaply,
üznüksiz zarbalar urdy,
milletleri gazap bilen,
dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy.
7 Bütin dünýä dynçlykda, rahatlykda;
olar aýdyma başlaýarlar.
8 Serwiler we Liwanyň kedr agaçlary
üstünden şatlanyp, şeýle diýýärler:
„Aýak astyna düşeliň bäri,
hiç kim bizi çapmaga gelmeýär“».
 
9 Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi
garşylamaga howlugýar;
ol seniň üçin ölüleri,
ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar;
milletleriň ähli şalaryny
tagtlaryndan turuzýar.
10 Olaryň hemmesi saňa:
«Sen-de biz ýaly ejizlediň,
bize meňzediň!» diýerler.
11 Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi
ölüler dünýäsine inderildi;
astyňa gurtlar düşeldi,
üstüň gurçuklara büreldi.
 
12 Eý, parlak ýyldyz, daň ogly,
gökden nähili gaçdyň!
Eý, milletleri ýeňen sen,
indi özüň ýere ýykyldyň!
13 Sen ýüregiňde diýdiň:
«Göklere çykaryn,
tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan
ýokarda goýaryn.
Jemagatyň toplanan dagynda,
Zafon dagynda oturaryn.
14 Bulutlaryň depesine çykaryn,
Beýik Hudaý ýaly ederin özümi».
15 Emma sen ölüler dünýäsine,
gabryň düýbüne inderilersiň.
16 Görenler çiňerilip serederler saňa,
sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler:
«Ýeri sarsdyran,
patyşalyklary titreden,
17 dünýäni çöle dönderen,
şäherleri ýer bilen ýegsan eden,
ýesirleri öýlerine goýbermedik şumy?»
18 Milletleriň patyşalarynyň ählisi,
hersi öz gabrynda, şöhrat içinde ýatyr.
19 Emma terk edilen çaga kimin
gabryňdan daşary atyldyň;
gylyçdan geçirilen,
gabryň daşly düýbüne atylan
jesetler bilen örtülýärsiň.
Aýak astynda depelenen maslyk deý,
20 beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň;
çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň,
öz halkyňy gyrdyň.
Pislik edýänleriň nesli
asla ýatlanmasyn!
21 Atalarynyň etmişleri zerarly,
ogullaryny öldürmäge taýynlaň,
olar galyp, dünýäni eýelemesinler,
ýer ýüzüni şäherlerden doldurmasynlar.
 
22 «Men olara garşy galaryn, Babylyň adyny, aman galanlaryny, ogullaryny we nesillerini ýok ederin». Muny Reb aýdýandyr. 23 «Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Aşura garşy pygamberlik
24 Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär:
«Nähili niýet eden bolsam,
şeýle-de bolar,
näme karara gelen bolsam,
şol-da amala aşar.
25 Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn,
daglarymda olary aýak astyna alaryn;
olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar,
ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».
26 Bütin dünýä hakda edilen karar budur,
ähli milletlere tarap uzan el budur.
27 Hökmürowan Reb karar etdi,
kim Oňa päsgel berip biler?
Ol elini uzatdy,
kim ony yzyna öwrüp biler?
Piliştlilere garşy pygamberlik
28 Ahaz patyşanyň ölen ýyly şu pygamberlik geldi:
 
29 «Özüňizi uran taýak döwüldi diýip
şatlanmaň, eý, piliştliler!
Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär,
onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.
30 Garyplaryň garyby doýar,
mätäçler howpsuzlykda ýatarlar,
emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn,
aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.
31 Perýat et, eý, derweze!
Nala çek, eý, şäher!
Eý, piliştliler, gorkudan titräň!
Demirgazykdan tüsse çykýar,
goşun hatar-hatar bolup gelýär».
32 Milletiň çaparlaryna näme jogap berler?
Reb Siony bina etdi,
Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.