13‑nji
Babyla garşy pygamberlik
1 Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:
2 Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň,
söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden,
begleriň derwezelerinden girer ýaly,
olara el bulaň.
3 Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim,
urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy
gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.
 
4 Daglardaky gykylyga gulak goýuň,
bu köp halklaryň sesine meňzeýär!
Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň,
patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň!
Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.
5 Öz gazabynyň ýaraglary bilen
bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin,
uzak ülkelerden,
dünýäniň aňry ujundan geler Reb.
6 Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr!
Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.
7 Munuň üçin eller gowşar,
her ynsanyň ýüregi ýarylar.
8 Dowla düşer olar,
yza hem gaýgy basar;
burgusy tutýan deý,
agyry çeker olar,
aňalyp birek-birege bakarlar,
ýüzleri ýalyn dek lowlar.
9 Ine, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär,
ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin,
ondaky günäkärleri ýok etmek üçin,
gazap bilen, gahar ody bilen gelýär.
10 Gökdäki ýyldyzlar,
olaryň toplumy
yşyk bermezler;
Gün dogsa-da garalar,
Aý nuruny saçmaz.
11 Men dünýäni ýamanlygy üçin,
etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri;
tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn,
zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.
12 Ynsanlary sap altyndan,
adamlary Opyr gyzylyndan-da
has gymmatly ederin.
13 Şonuň üçin gökleri titrederin,
Rebbiň gahar ody lowlaýan güni,
Hökmürowan Rebbiň gazabyndan
ýer ýüzi lerzana geler.
14 Kowalanýan jeren kimin,
çopansyz goýunlar kimin,
her kes öz halkyna,
her kişi öz ýurduna gaçar.
15 Tutulanlar naýzadan geçiriler,
ele düşen gylyçdan ötüriler.
16 Çagalary gözleriniň alnynda
parça-parça ediler,
öýleri talanar,
aýallaryna el urlar.
17 Ine, Men kümşe gyzmaýan,
altyny söýmeýän madaýlary
olara garşy öjükdirýärin.
18 Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary,
bäbeklere rehim etmezler,
gözleri çagalary gaýgyrmaz.
19 Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan,
babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly
ýer bilen ýegsan eder
Sodom hem Gomora ýaly.
20 Ol ýer ilatsyz galar,
hiç haçan ýaşaýyş bolmaz onda,
araplar çadyrlaryny dikmezler,
çopanlar sürülerini bakmazlar.
21 Wagşy haýwanlar ýatar ol ýerde,
baýguşdan dolar öýleri,
düýeguşlar mesgen tutar,
geçiler bökjeklärler ol ýerde.
22 Saraýlarynda syrtlanlar,
köşklerinde şagallar uwlaşar;
Babylyň soňy ýakyndyr,
onuň günleri uzak bolmaz.