Ý
25
Ýabuslar – Ysraýyl halky eýelemezden öň, Kenganda ýaşan halklaryň biri. Olar hezreti Dawut patyşa tarapyndan eýelenýänçäler, Iýerusalimde we onuň töwereginde ýaşapdyrlar.
Gçk 10:15; Ýeş 3:10; 2Şam 5:6; 1Pat 9:20.
Seret: Kengan.
Ýag – adatça Köne Ähtde zeýtun ýagy. Zeýtun ýagy gadymy Ysraýylda birnäçe maksatlar üçin ulanylypdyr. Ol çyralaryň ýagy üçin, ýaralary bejermek üçin we deridäki ýokuşýan ýaralary bejermek üçin ulanylypdyr. Käte ýagy atyr bilen garyp, ýakymly ys bermek üçin derä we saça çalypdyrlar. Gymmatbaha ýag kimdir biri patyşalyga, ruhanylyga, pygamberlige saýlananda, onuň depesinden guýlupdyr, şeýle hem mukaddes zatlary päklemek üçin olaryň üstüne serpilipdir. Şeýlelikde, ýag bütewüligiň, sag-salamatlygyň, Hudaýyň Ruhunyň gudratynyň we tämizlenmegiň nyşany bolupdyr.
Msr 25:6; 29:7; Lew 7:10; 14:26; 1Şam 10:1.
Ýag guýmak – saýlanan adamyň ýa-da bir zadyň üstüne zeýtun ýagyny guýmak bilen ýörite hyzmat üçin aýry goýlandygyny aňlatmak. Kimdir biriniň depesine ýag guýlup, ol patyşalyga ýa-da ruhanylyga bellenilipdir. Gurbanlyk sypasy, tutuş mukaddes çadyr mukaddes edilmek üçin, olaryň üstüne ýag serpilipdir. Täze Ähtde mesihiler şypa almak üçin dileg edýän adamlarynyň üstüne ýag guýupdyrlar. Isa «Mesih» diýlip atlandyrylýar, bu «ýag guýlan» diýmegi aňladýar, ýagny Hudaý tarapyndan saýlanyp bellenen diýmekdir.
Msr 40:9, 15; Lew 4:3; 1Şam. 16:13.
Seret: Mesh ýagy; Mesih. 1628-nji sahypadaky surata seret.
Ýahuda –Ýakubyň on iki oglunyň biriniň ady we ýahuda tiresiniň ata-‑babasy. Ýahuda tiresi beýik bolupdyr, oňa mülk paý diýlip berlen ýer hem uly bolupdyr we «Ýahuda» diýip atlandyrylypdyr. Süleýman patyşa ölenden soň, Demirgazyk tireler Günorta tirelerinden, ýagny ýahuda we benýamin tiresinden aýry çykanlarynda, bu iki tire Ýahuda patyşalygyny emele getiripdir. Günorta patyşalygynyň Dawut pygamberiň nesilleri bolan öz patyşalary bolupdyr we onuň paýtagty Iýerusalim bolupdyr.
Gçk 29:35; 35:22-23; 38:1-26; 49:8; Msr 31:2; Ýeş 15:1-12; 1Şam 17:12.
Seret: Ysraýyl.
Ýahudalaryň dili
2Pat 18:26.
Seret: Ýewreý.
Ýahudy – asly ýewreý bolan adam. «Ýahudy» ady «Ýahuda» sözünden gelip çykandyr. B. e. öň 586-njy ýylda Ýahuda patyşalygy babyllylar tarapyndan basylyp alynýar we halk Babyla sürgün edilýär. Sürgün döwründe we ondan soň hem «ýahudy» sözi halky we ysraýyl tirelerinden bolan islendik adamy aňlatmak üçin giňden ulanylypdyr. Adamzady halas etmek üçin we Hudaýyň Şalygyny berkarar etmek üçin Isanyň Hudaý tarapyndan iberilendigine ynanan ilkinji adamlar ýahudylar bolupdyr.
Neh 1:2; Est 3:4; 9:1-6.
Seret: Babyl, Ýahuda.
Ýakma gurbanlygy – bu aýratyn gurbanlyk bolup, mal soýlandan soň, onuň ähli bölekleri gurbanlyk sypasynda bütinleý ýakylýar. Ot ýakylandan soňra, gurbanlyk otda ýanyp tüssä öwrülipdir. Asmana ýetýän bu gurbanlygyň tüssesiniň ysy Hudaýa ýarapdyr.
Gçk 8:20; 22:2; Lew 1:2-17.
Ýakup pygamber – hezreti Yshagyň ogly, Ybraýym pygamberiň agtygy, ol Hudaý tarapyndan wada berlen ýalkanyşa eýe bolupdyr. Ýakup Peniýelde Hudaý bilen göreş tutanda, Hudaý Ýakubyň adyny Ysraýyl diýip üýtgetdi. Ýakubyň on iki ogly bolupdyr we bu ogullar ysraýyl halkynyň on iki tiresiniň ata-babasy bolupdyr.
Gçk 25:19; 27:6; 32:22-30; 35:22-26.
Seret: Ybraýym pygamber; Yshak pygamber; Ysraýyl; Ýahuda.
Ýalkamak – Hudaýyň niýeti we islegi adamzady ýalkamaklyk bolup, bu Onuň ykrar eden ähtiniň merkezinde ýerleşýär. Ybraýym pygamberiň üsti bilen Hudaý ýer ýüzündäki ähli adamlary ýalkamaklygy wada berdi (Gçk 12:3). Bu wada Ybraýym pygamberiň nesli bolan Isa Mesihiň üsti bilen amala aşdy (Gal 3:14). Mukaddes Kitap Hudaýyň diňe dogry adamlary ýalkaýandygyny öwredýär, sebäbi olar Hudaýy söýýärler we Oňa tabyn bolýarlar. Täze Ähtde ýalkanmak düşünjesi has giň, ýagny muňa diňe bir baýlyk girmän, eýsem bu we indiki durmuşda ruhy taýdan ýalkanmak hem girýär. Isa eýerýänler direliş gününde Hudaýyň özlerini ýalkajakdygyny bilýärler (Mat 25:34). Onuň manysy «näletlemek» sözi bilen gapma-garşydyr.
Gçk 1:22, 28; 12:3; Kan 28:1-12; Mat 25:34; Luk 14:14; Efe 1:3.
Ýaşulular – Ysraýyl halkynyň bütin taryhynyň dowamynda, hatda Isanyň döwründe ýaşulular ýolbaşçylyk etmäge, öwretmäge we adamlaryň üstünden ygtyýarlygy ýöretmäge jogapkär bolupdyrlar. Olar käte öz borçlaryny dogry we adalatly berjaý etmändirler, şonuň üçin Hudaý olary pygamberleriniň üsti bilen ýazgarypdyr. Ýygnaklarda Isanyň yzyna eýerýänleriň arasynda bu hyzmaty ýygnagyň ýolbaşçylary ýerine ýetiripdirler. Aýanlyk kitabynda ýaşulular Isa Mesihe iman etmek arkaly ähli halas bolanlary aňladypdyr.
Msr 3:18; 4:29; Lew 4:15; Kan 19:12; Rut 4:2, 9; Işa 3:14; Aýn 4:4.
Ýazyk gurbanlygy – eger kimdir biri tötänden günä eden bolsa ýa-da haram zatlary ellän bolsa, onda bu gurbanlyk arkaly ruhany olary günäsinden saplapdyr.
Lew 5:2-19.
Ýedutun – ol 1ÝÝ 16:41-de beýan edilýän Dawut pygamberiň baş sazandalarynyň biri bolan bolmagy ähtimal; başga bir manysy «boýun egdirmekdir».
1ÝÝ 16:41.
Ýehoşapat jülgesi – bu ýer Iýerusalimiň golaýyndaky jülge üçin ulanylýan atdyr, ýagny ol Iýerusalime garşy ýygnanan milletlere Hudaýyň yglan eden jezasynyň beýan edilýän ýeri bolupdyr. Ýowel kitabynyň 3‑nji babynyň 14‑nji aýadynda bu höküm jülgesi diýlip atlandyrylypdyr.
Ýow 3:2, 12, 14.
Ýewreý
1. Asly näbelli köne söz, bu ysraýyl halky üçin ulanylypdyr. Şeýle hem bu Ybraýym pygamberiň asyl gelip çykyşyny görkezmek üçin ulanylypdyr.
2. B. e. öň 586-njy ýylda Babyl sürgüni döwrüne çenli, esasan, ysraýyl halky tarapyndan ulanylan dil. Halk sürgünden dolanyp gelenden soň, olaryň aglabasy bu dile derek arameý dilinde gürläpdir. Köne Ähtiň köp ýeri ýewreý dilinde ýazylypdyr.
Gçk 14:13; 39:14, 17; 40:15; 41:22; 43:32; Msr 1:15-19; 21:2; 1Şam 4:6
Seret: Arameý.
Ýunus pygamber – Ninewe halkynyň pis işleri üçin olary Hudaýyň weýran etjekdigi barada duýduryş beren pygamber. Onuň duýduryşy sebäpli halk toba etdi we Hudaý olary bagyşlady.
Ýunus kitaby.
Ýusup pygamber – Ysraýylyň iň söýgüli ogly, Efraýym bilen Manaşanyň kakasy. Doganlary ony gul edip satdylar, emma Hudaý ony halas etdi we Müsür patyşasynyň «sag eli» etdi. Ol ýerde Ýusup doganlaryny we tutuş maşgalasyny, şeýle hem köp müsürlileri uzak wagtlap bolan gurakçylyk döwründe açlykdan halas etmekde esasy hyzmaty bitirdi.
Gçk 30:24-25; 37:1–50:26.
Seret: Faraon.
Ýygnagyň hyzmatçysy – Isa göge göterilenden soň we Mukaddes Ruh inenden soň, mesihiler toparyna okatmaga we hyzmat etmäge bellenen ýörite adamlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilipdir. Munda belli bir düzgün bolmandyr, muňa garamazdan Pawlus öz hatlarynda nähili adamlaryň ýolbaşçylyk etmelidigi barada anyk görkezmeler beripdir. Isa başgalara hyzmat etmeklige örän ýokary baha beripdir.
Res 14:23; 1Pet 5:1-4; 1Tim 3:1-13; Rim 16:1; 1Tim 5:17-21; Tit 1:5-9; Ýew 13:7, 17.
Ýygnagyň ýolbaşçylary
Seret: Ýaşulular.
Ýygnak – Täze Äht döwründe Isa ynanýanlar sežde etmek üçin Iýerusalimdäki ybadathanada ýygnanyşypdyrlar. Mundan soň tizara olar öz öýlerinde ýygnanyşyp başlapdyrlar. Hoş Habar tutuş Rim imperiýasynda wagyz edilensoň, ýygnaklar köp ýerlerde gurnaldy. Bu günki gün ýygnaklar dünýäniň ähli ýerlerinde geçirilýär. Bu ýygnaklaryň ählisi bir beýik Ýygnagyň bölümi hasaplanyp, onuň düzümi Isanyň döwründen tä şu güne çenli mesihilerden ybaratdyr.
Mat 16:18; Res 8:1; 9:31; Rim 16:5; 1Kor 11:18; Efe 5:23-32; Aýn 1:11.