3‑nji bap
Iýerusalimdäki bitertiplik
1 Ine, Hökmürowan Taňry Reb
Iýerusalimden, Ýahudadan
ýardamy we azygy,
nany we suwy keser.
2 Söweşijilerdir esgerleri,
kazylardyr pygamberleri,
palmanlardyr ýaşululary,
3 ellibaşylary,
atly-abraýly adamlary,
maslahatçylardyr mekir gözbagçylary,
ökde jadygöýleri aradan aýrar.
4 Ýetginjekleri olara baştutan ederin,
göwnüne gelenini edýänler
olara hökmürowanlyk ederler.
5 Ynsan ynsana,
goňşy goňşusyna sütem eder,
ýaşlar ýaşululary,
garamaýak adamlar
abraýly adamlary sylamazlar.
6 Garyndaş garyndaşyna ýapyşyp,
öz urugyndan bolana şeýle diýer:
«Egniňde eşigiň bar,
sen bize baştutan bol!
Bu harabalyklar
seniň gol astyňda bolsun».
7 Şol gün ol adam gygyryp, şeýle diýer:
«Men ýaraňyzy sarap bilmen;
öýümde ne çörek bar, ne-de geýim,
meni halka baştutan etmäň».
8 Iýerusalimiň büdreýändigi,
Ýahudanyň ýykylýandygy üçin,
Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän
sözleriniň we edýän işleriniň
Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.
9 Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär,
günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler,
olary ýaşyrmaýarlar,
olaryň dat gününe!
Betbagtçylygy satyn aldylar olar.
10 Dogrulara aýdyň,
ýagşylyk görerler olar,
öz işleriniň miwesini iýerler.
11 Pisleriň dat gününe!
Betbagtçylyk iner olaryň başyna,
elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.
12 Çagalary halkyma sütem edýärler,
aýallary üstlerinden höküm sürýärler.
Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar,
ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.
 
13 Reb dawa tutmaga ýerinden galýar,
halklara kazylyk etmek üçin aýaga galýar.
14 Reb halkynyň ýaşululary,
hökümdarlary bilen höküme girişýär:
«Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz,
öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.
15 Halkymy ezip,
garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?»
Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Iýerusalim aýallaryna duýduryş
16 Reb şeýle diýýär:
«Sion gyzlary tekepbirdirler,
tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler,
näzirgeşip seredýärler,
näz-kereşme bilen ädim ädip,
aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.
17 Şonuň üçin Taňry
Sion gyzlarynyň kellesini kel eder,
Reb maňlaýlaryny takyradar.
18 Şol gün Taňry owadan aýak-halkalaryny,
alyn bezeglerini, gymmatbaha monjuklaryny,
19 gulakhalkalaryny, bileziklerini we ýaglyklaryny,
börüklerini, topuk-halkalaryny, guşaklaryny,
atyr çüýşejiklerini we doga-tumarlaryny,
20 ýüzüklerini we burun halkalaryny,
21 toý lybaslaryny, kürtelerini,
çabytlaryny we el gapjyklaryny,
22 ýüz aýnalaryny, ýüpek lybaslaryny,
börüklerini we bürençeklerini aýrar.
23 Atyryň deregine porsy ys,
bil guşagyň deregine ýüp,
buýra zülpleriň deregine kellik,
bezemen lybasyň deregine jul,
gözelligiň deregine utanç bolar.
24 Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar,
edermen urşujylaryň söweşde ölerler.
25 Sionyň derwezeleri ah çekip, ýas tutar,
şäher çolaryp, gury ýerde oturar».