4‑nji bap
Gökdäki tagt
1 Şondan soň gökde bir açyk gapyny gördüm. Ilkibaşda meniň bilen gepleşen, surnaýyň sesine meňzeýän ses maňa: «Ýokary çyk, Men saňa mundan soň bolmaly zatlary görkezeýin» diýdi. 2 Şol pursadyň özünde meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Men gökde bir tagtyň duranyny, onuň üstünde-de Biriniň oturandygyny gördüm. 3 Tagtda Oturanyň keşbi ýaşma, hakyk daşlary kimin şöhle saçýardy, tagtyň töwereginde zümerret ýaly älemgoşar bardy. 4 Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy. 5 Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler we gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýedi çyra ýanyp durdy, bu Hudaýyň ýedi Ruhudy. 6 Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, çüýşeden ýasalan ýaly bir deňiz bardy. Tagtyň ortasynda we töwereginde dört sany mahluk bardy. Olaryň öňi-de, arkasy-da gözlerden doludy. 7 Birinji mahluk arslana, ikinji mahluk öküze meňzeýärdi. Üçünji mahlugyň ýüzi adamyň ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeýärdi. 8 Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän:
«Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir,
mukaddesdir, mukaddesdir,
Ol geçmişde bardy, häzir hem bar,
gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.
9 Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde, 10 ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:
11 «Ýa Reb Hudaýymyz!
Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň.
Hemme zady Sen ýaradansyň.
Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.