5‑nji bap
Dul aýallar baradaky ündewler
1 Garry adamlary gödek ýazgarma-da, olara öz ataň kimin garap, sypaýylyk bilen öwüt-ündew ber. Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly, 2 garry aýallara öz eneň ýaly, ýaş aýallara öz aýal doganlaryň ýaly garap, olara päk ýürekden öwüt-ündew ber. 3 Ýalňyz galan dul aýallary syla. 4 Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr. 5 Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir. 6 Emma aýşy-eşret çekýän dul aýalyň özi diri bolsa-da, ruhy ölüdir. 7 Şonuň üçin-de, dul aýallaryň müýnsüz bolary ýaly, olara bu ýazan tabşyryklarymy buýur. 8 Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir. 9 Dul aýal altmyş ýaşdan geçen bolsa, ömründe diňe bir gezek durmuşa çykan bolsa, ýygnak onuň adyny dullar sanawyna ýazsyn. 10 Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr. 11 Ýaş dul aýallaryň adyny bu sanawa goşma. Sebäbi olaryň ten heseri Mesihe bolan sadyklygyndan üstün gelse, durmuşa çykmak islärler. 12 Şonda ozal Mesihe eden wadalaryny unudandyklary zerarly, olar jeza sezewar bolarlar. 13 Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar. 14 Şonuň üçin-de, men ýaş dul aýallaryň durmuşa çykyp, çaga dogurmaklaryny we öý işlerine gümra bolmaklaryny ündeýärin. Şonda duşmanlarymyzyň olara myjabat atmaga tutarygy bolmaz. 15 Sebäbi olaryň käbiri şeýtanyň gepine gulak gabardyp, eýýäm ýoldan çykdylar. 16 Eger imanly aýalyň* garyndaşlarynyň arasynda dul galan aýallar bar bolsa, goý, ol şolaryň aladasyny etsin, ýygnaga agram salmasyn. Ýygnak bolsa maddy kömegini mätäçlik çekýän ýalňyz dul aýallara bersin.
Ýygnak ýolbaşçylary baradaky ündewler
17 Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin. 18 Çünki Mukaddes Ýazgylar: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň», «Işgär öz hakyna mynasypdyr» diýýär. 19 Iki ýa üç şaýat bolmasa, ýygnagyň ýolbaşçysy hakdaky aýyplamany kabul etme. 20 Günäli çykanlary bolsa köpçüligiň öňünde paş et. Goý, bu beýlekilere hem sapak bolsun. 21 Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesihiň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn. 22 Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla. 23 Mundan beýläk diňe suw içmän, az-kem şerap hem iç. Bu aşgazanyňa we ýygy-ýygydan gaýtalanýan nähoşlugyňdan saplanmaga ýardam berer. 24 Käbir adamlaryň günäleri göz--görtele bolup, olar kyýamat gününden öň äşgärdir. Käbirleriniň günäsi bolsa wagtyň geçmegi bilen äşgär bolýar. 25 Şonuň ýaly, oňat işleriňem käbirleri äşgär, käbirleri bolsa äşgär däldir. Ýöne äşgär dälleri hem iru-giç mälim bolýandyr.