9-njy bap
Isa Şawula görünýär
1 Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip, 2 ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal--erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady. 3 Ol Damaska ýetip barýarka, birdenkä asmandan bir parlak nur onuň daş-töweregini ýagtyltdy. 4 Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi. 5-6 Ol: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Oňa: «Men seniň azar berýän Isaň.* Indi tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar» diýdi. 7 Şawul bilen barýan adamlar duran ýerlerinde doňup galdylar. Olar sesi eşitseler-de, hiç kimi görmeýärdiler. 8 Ýerinden turup, Şawul gözüni açanda, hiç zat görüp bilmedi. Ony elinden tutup, Damaska idip getirdiler. 9 Üç günläp onuň gözleri görmedi, şol wagtyň dowamynda ol hiç zat iýip-içmedi.
10 Damaskda Isanyň Hanany atly bir şägirdi bardy. Reb Isa oňa görnüp: «Eý, Hanany!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Rebbim!» diýip jogap berdi. 11 Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Tur, Dogry atly köçä bar-da, Ýudasyň öýünden tarsusly Şawul diýen adamy sora. Häzir ol doga-dileg edýär. 12 Şawula bir görnüş aýan boldy. Görnüşde ol ýanyna Hanany diýen bir adamyň gelip, gözleriniň açylmagy üçin, üstüne ellerini goýandygyny gördi».
13 Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim. 14 Seniň yzyňa eýeren her bir adamy tussag etmäge onuň bu ýerde-de ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar haty bar». 15 Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder. 16 Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi. 17 Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi. 18 Şol pursatda gözlerinden perde syrylan dek, Şawulyň gözleri açyldy. Ol ýerinden turup, Isanyň ady bilen suwa çümdürildi. 19 Soňra naharlanyp, gaýtadan kuwwatlandy.
Şawul Damaskda wagyz edýär
Şawul birnäçe günläp Damaskda şägirtleriň ýanynda galdy. 20 Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy* barada wagyz etmäge başlady. 21 Muny eşidenleriň bary geň galyp: «Bu adam Iýerusalimde Isanyň yzyna eýerenlere azar beren adam dälmi? Ol bu ýere hem olaryň el-aýagyny daňyp, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?!» diýişýärdiler. 22 Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.
23 Ençeme günden soň, ýahudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler. 24 Ýöne olaryň dildüwşügi Şawula belli boldy. Olar ony öldürmek üçin gije-gündiz şäher derwezelerini garawullaýardylar. 25 Şägirtler bolsa gijäniň bir wagty ony sebediň içine salyp, şäheriň diwaryndan sallap düşürdiler.
Şawul Iýerusalimde wagyz edýär
26 Şawul Iýerusalime gelip, şägirtlere goşulmaga synanyşdy, emma şägirtleriň hemmesi ondan gorkýardy. Şawulyň Isanyň şägirdidigine ynanmadylar. 27 Onsoň Barnap Şawuly alyp, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Şawulyň ýolda Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini, Damaskda Isanyň ady bilen hiç bir gorkusyz wagyz edendigini olara gürrüň berdi. 28 Şeýlelikde, Şawul olaryň ýanynda galdy we Iýerusalimiň ähli ýerinde Isanyň ady bilen batyrgaý wagyz etdi. 29 Ol grekçe gepleýän ýahudylar bilen söhbet edip, olar bilen jedelleşýärdi. Onsoň olar Şawuly öldürmegiň kastyna çykdylar. 30 Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar. 31 Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.
Eneý we Dorkas
32 Ähli ýerlere aýlanyp ýören Petrus Lidadaky imanlylary hem görmäge geldi. 33 Ol ýerde Petrus Eneý atly bir adama sataşdy. Eneý sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatyrdy. 34 Petrus oňa: «Eneý, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýeriňden tur-da, ýorgan-düşegiňi ýygna!» diýdi. Ol hem şobada ýerinden turdy. 35 Lidada we Şaron düzlüginde ýaşaýanlaryň hemmesi Eneýi görüp, Rebbi iman etdiler.
36 Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy*. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi. 37 Şol günlerde ol keselläp, aradan çykdy. Onuň jesedini ýuwup, ýokarky gatdaky otagda goýdular. 38 Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler. 39 Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar. 40 Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy. 41 Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy. 42 Bu habar bütin Ýafo ýaýrap, köp adam Reb Isa iman etdi. 43 Petrus ençeme günläp Ýafoda, Simun atly bir deri eýleýjiniňkide galdy.