15‑nji bap
Musanyň aýdymy
1 Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar:
«Men Rebbe nagma aýdaryn.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.
 
2 Reb meniň güýjüm hem aýdymym.
Ol meniň Halasgärim boldy.
Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn.
Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.
 
3 Reb esgerdir.
Onuň ady Rebdir.
 
4 Faraonyň söweş arabalaryny
ähli goşuny bilen deňze zyňdy.
Saýlama urşujylary-da
Gyzyl deňizde gark boldy.
 
5 Olary tolkunlar gaplap,
daş kimin çuň düýbe çökdüler.
6 Ýa Reb, Seniň sag goluň
güýç-gudratda şöhratlydyr.
Ýa Reb, Seniň sag goluň
duşmany mynjyradýar.
 
7 Özüňe garşy çykanlary
beýik ýeňşiň bilen çökerýäň.
Alawly gazabyňy inderip,
olary saman dek ýakýaň.
 
8 Haýbatly demiňden,
suw dik ýokary galdy.
Tolkunlar diwar ýaly bolup,
çuň deňziň düýbi daş dek gatady.
 
9 Duşman diýdi:
„Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin.
Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn.
Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.
 
10 Üflän ötgür demiňden,
deňiz olary gaplady.
Olar gurşun kimin
äpet suwa çökdüler.
 
11 Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr?
Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik!
Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.
 
12 Sag goluňy uzadanyňda,
olary ýer ýuwutdy.
 
13 Sadyk söýgiň bilen
azat eden halkyňa baş bolduň.
Beýik güýjüň bilen olara
Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.
14 Milletler eşidende sandyraşýarlar.
Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär.
 
15 Edomyň beglerini gorky basýar.
Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar.
Kenganyň ilaty dowla düşýär.
 
16 Seniň goluň gudratyndan,
olaryň üstüne howp we gorky inýär.
Öz azat eden halkyň geçip bolýança,
olar daş kimin doňýarlar.
 
17 Sen halkyňy getirip,
Öz dagyňda oturdarsyň.
Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň.
Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň.
18 Reb hemişelik we baky höküm sürer».
 
19 Faraonyň atlary, söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bilen deňze girende, Reb deňziň suwuny yzyna gaýtaryp, olaryň üstünden inderdi. Emma ysraýyllar deňziň ortasyndan gury ýer bilen geçdiler. 20 Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.
21 Merýem olara şu aýdymy aýtdy:
«Rebbe nagma aýdyň.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».
Ajy suw
22 Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňizden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar. 23 Mara gelenlerinde, olar Maranyň suwundan içip bilmediler. Sebäbi ol ajydy. Şol sebäpli ony Mara* diýip atlandyrdylar. 24 Adamlar Musa: «Biz indi näme içeli?» diýşip hüňürdeşdiler. 25 Musa Rebbe perýat etdi. Reb oňa agaç bölegini görkezdi. Ol ony suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Reb olar üçin parzlar we hökümler berip, olary synady. 26 Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».
27 Soňra olar Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany palma agajy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler.