25‑nji bap
On gyz tymsaly
1 «Şonda Gögüň Şalygyny çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar. 2 Olaryň bäşisi akylly, bäşisi akylsyz eken. 3 Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, emma ýag almaýarlar. 4 Akyllylar bolsa çyralary bilen birlikde gaplarda ýag hem alýarlar. 5 Giýew gijä galanda, hemmesini uky basmarlaýar we olar uklaýarlar. 6 Ýary gije: „Anha, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!“ diýen batly ses eşidilýär. 7 Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi oýanyp, çyralarynyň ýagyny düzetmäge başlaýarlar. 8 Akylsyzlar akyllylara: „Çyralarymyz sönüp barýar, bize ýagyňyzdan biraz beräýiň“ diýýärler. 9 Emma akyllylar: „Ýok! Bize-‑de, size-de ýetmän durmasyn. Gowusy, gidiň-de, satyjylardan özüňize ýag satyn alyň“ diýýärler. 10 Olar ýag satyn almaga giden wagty giýew gelýär. Taýýar duran gyzlar onuň bilen bile toýhana girenlerinden, gapy ýapylýar. 11 Bir salymdan beýleki gyzlar hem gelip: „Aga! A-how, aga! Gapyny açaý-da, biz geldik“ diýýärler. 12 Emma giýew: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi asla tanamok“ diýip jogap berýär. 13 Şonuň üçin hem oýa boluň, sebäbi siz Ynsan Oglunyň geljek anyk gününi we sagadyny bilmeýärsiňiz.
Üç hyzmatkär hakyndaky tymsal
(Luka 19:11-27)
14 Gögüň Şalygy şunuň ýalydyr: bir adam uzak ýola gitmekçi bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyrýar. 15 Bu adam olaryň hersiniň başarnygyna laýyk: birine – bäş, beýlekisine – iki, başga birine bir çuwal altyn-kümüş berip, ýola rowana bolýar. 16 Bäş çuwal alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişip, ýene bäş çuwal pul gazanýar. 17 Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar. 18 Bir çuwal alan bolsa gidip, çukur gazýar-da, hojaýynyň beren puluny gömüp gizleýär.
19 Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň hojaýyny gelip, olardan hasabat soraýar. 20 Bäş çuwal alan hyzmatkär gelip, öňki puluň üstüne ýene bäş çuwal getirýär. Ol: „Hojaýyn! Sen maňa bäş çuwal altyn-kümüş ynanypdyň, ine, men ondan ýene bäş çuwal gazandym“ diýýär. 21 Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär. 22 Iki çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn! Sen maňa iki çuwal altyn-kümüş beripdiň, ine, men ondan ýene iki çuwal gazandym“ diýýär. 23 Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyklygyňy görkezdiň, indi men seni beýik işleriň başyna geçirerin. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär. 24 Bir çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn, men seniň gaty özdiýenli adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň. 25 Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“ diýýär. 26 Hojaýyny oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň? 27 Onda pulumy işewürlere bermeli ekeniň-dä, men hem gelip, ony peýdasy bilen alardym. 28 Indi oňa beren bir çuwalymy alyň-da, on çuwalla beriň. 29 Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar, emma kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 30 Peýdasyz hyzmatkäri daşary, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar“.
Kyýamat güni
31 Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar. 32 Ähli milletler Onuň huzuryna ýygnanarlar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. 33 Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. 34 Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň. 35 Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz, 36 ýalaňaçdym – don berdiňiz, hassadym – bejerdiňiz, zyndandadym – görmäge geldiňiz“. 37 Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, nan berdik? Haçan teşne görüp, suw berdik? 38 Haçan Seni keseki görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp, don berdik? 39 Haçan Seni hassa ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?“. 40 Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi. 41 Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň! 42 Sebäbi Men açdym – nan bermediňiz, teşnedim – suw bermediňiz, 43 kesekidim – myhman almadyňyz, ýalaňaçdym – don bermediňiz, hassadym we tussagdym – ýanyma gelip görmediňiz“. 44 Şonda olar: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, keseki, ýalaňaç, hassa ýa-da tussaglykda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?“ diýip sorarlar. 45 Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi. 46 Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».