24‑nji bap
Dünýäniň ahyrynyň alamatlary
(Mark 13:1-31; Luka 21:5-33)
1 Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ybadathananyň binalaryna guwanyp, ony Isa görkezmek üçin, Onuň ýanyna geldiler. 2 Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.
3 Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar. 4 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! 5 Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men Mesih“ diýip, ençeme adamlary aldarlar. 6 Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir. 7 Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar* ýüze çykar. 8 Bularyň hemmesi burgularyň başlangyjydyr. 9 Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler. 10 Şonda köpler Menden el çekip, bir-birlerine haýynlyk ederler, bir-birlerini ýigrenerler. 11 Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. 12 Ýaman işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar. 13 Emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14 Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler. 15-16 Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin. 17 Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. 18 Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin. 19 Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! 20 Gaça-gaçlygyňyz gyşda ýa-da Sabat güni bolmasyn diýip dileg ediň. 21 Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. 22 Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar. 23 Şonda biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň. 24 Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler. 25 Ine, Men size öňünden aýtdym.
26 Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde“ diýseler, gitmäň. „Ine, Ol içki otaglarda“ diýseler-de, ynanmaň. 27 Ynsan Oglunyň gelşi gündogarda çakyp, günbatarda hem görünýän ýyldyrym ýaly bolar. 28 Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler. 29 Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. 30 Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler. 31 Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.
32 Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 33 Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. 34 Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 35 Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Bilinmeýän gün we sagat
(Mark 13:32-37; Luka 17:26-30,34-35; 12:41-48)
36 Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-‑de Ogul* bilýändir, diňe Ata bilýändir. 37 ‡Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. 38 Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39 Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar. 40 Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 41 Degirmen başynda bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar. 42 Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz. 43 Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy. 44 Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.
45 Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? 46 Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! 47 Size dogrusyny aýdýaryn: hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 48 Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, 49 ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlar, 50 emma ol hyzmatkäriň hojaýyny onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda geler. 51 Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».