29-njy bap
Ýakup Labanyň ýanyna barýar
1 Soňra Ýakup ýoluny dowam etdirip, gündogar halkyň ýurduna geldi. 2 Ol başyny galdyranda, onuň gözi açyk meýdandaky bir guýa düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Bu goýun sürüleri şol guýudan suwa ýakylýardy. Guýynyň agzynda ullakan bir daş bardy. 3 Çopanlar sürüleriň baryny guýynyň başyna ýygnanlaryndan soň, daşy aýryp, dowarlaryny suwa ýakardylar-da, ýene-de daşy guýynyň agzyna goýardylar.
4 Ýakup ol ýerdäki adamlardan: «Doganlar, siz nireden?» diýip sorady. Olar: «Biz haranly» diýdiler. 5 Ýakup olardan: «Siz Nahoryň agtygy Labany tanaýarmysyňyz?» diýip sorady. Olar: «Tanaýarys» diýdiler. 6 Ýakup ýene-de olardan: «Ol sag-salamatmydyr?» diýip sorady. Olar: «Hawa, ol sag-gurgundyr. Hanha, onuň gyzy Rahel dowaryny sürüp gelýär» diýdiler. 7 Soňra Ýakup: «Entek günortan çagy ahyryn; entek dowarlary ýygnardan ir; olary suwa ýakyň-da, äkidip bakyň» diýdi. 8 Olar: «Çopanlar sürüleri ýygnaýança, biz dowarlary suwa ýakyp bilmeris; guýynyň agzyndaky daş aýrylandan soň, dowarlary suwa ýakyp bileris» diýdiler.
9 Ýakup olar bilen gepleşip durka, Rahel kakasynyň dowarlaryny guýa getirdi. Rahel çopandy. 10 Ýakup Raheli öz daýysy Labanyň sürüsi bilen görende, ol guýynyň ýanyna bardy-da, onuň agzyndaky daşy aýryp, daýysy Labanyň dowarlaryny guýudan suwa ýakdy. 11 Soňra ol Raheli ogşap, içigip-içigip aglady. 12 Ýakup özüniň Raheliň kakasy bilen garyndaşdygyny, özüniň Rebekanyň ogludygyny Rahele aýtdy. Rahel ylgap gidip, kakasyna habar berdi. 13 Laban öz ýegeni Ýakubyň gelendigini eşidip, ylgap onuň öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady; ony öýüne alyp gaýtdy. Ýakup Labana bolup geçen wakalaryň hemmesini gürrüň berdi. 14 Laban oňa: «Sen meniň öz süýegim, öz tenimsiň» diýdi.
Ýakup Rahele we Leýa öýlenýär
Ýakup Labanyň öýünde bir aý ýaşandan soň, 15 Laban oňa: «Garyndaşym diýip, sen maňa şeýdip, mugt hyzmat etjek ýörjekmi? Saňa näçe zähmet hak tölemeli? Aýt!» diýdi. 16 Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniň ady bolsa Raheldi. 17 Leýanyň gözleri mylaýymdy, Rahel bolsa syratlydy we owadandy. 18 Ýakup Raheli söýdi. Ol Labana: «Kiçi gyzyň Rahel üçin men ýedi ýyl hyzmatyňy edeýin» diýdi. 19 Laban: «Ony başga birine berenden, saňa berenim gowudyr. Meniň ýanymda boluber» diýdi. 20 Ýakup Rahel üçin ýedi ýyllap Labanyň hyzmatyny etdi. Raheli juda söýýändigine görä, ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçip gitdi.
21 Bir gün Ýakup Labana: «Möhletim doldy, gelinligimi maňa ber, men onuň ýanyna gireýin» diýdi. 22 Şeýdip, Laban töwerek-daşyny çagyryp, toý tutdy. 23 Emma şol gije Laban Raheliň deregine uly gyzy Leýany Ýakubyň ýanyna alyp bardy; Ýakup Leýa ýanaşdy. 24 (Laban hyzmatkäri Zilpany gyzy Leýa gyrnak edip beripdi.) 25 Daň atdy, ine, görse bu Leýa eken. Ýakup Labana: «Bu näme etdigiň boldy? Men saňa Rahel üçin hyzmat etmänmidim näme? Sen näme üçin meni aldadyň?» diýdi. 26 Laban oňa: «Ulusy otyrka, kiçisi durmuşa çykarylmaz. Bu biziň ilimiziň däbidir. 27 Bir hepdelik toý dabarasy geçsin, saňa Raheli-de bererin, ýöne onuň üçin ýene ýedi ýyl hyzmatymy etmeli bolarsyň» diýdi. 28 Ýakup Laban bilen ylalaşdy. Bir hepdelik toý dabarasy geçenden soň, Laban kiçi gyzy Raheli-de Ýakuba berdi. 29 (Laban hyzmatkäri Bilhany Rahele gyrnak edip beripdi.) 30 Ýakup Rahele hem ýanaşdy. Ol Raheli Leýadan artyk söýýärdi. Ol Labana ýene-de ýedi ýyl hyzmat etdi.
Ýakubyň çagalary
31 Reb Leýanyň söýülmeýändigini görüp, onuň ýatgysyny açdy. Rahelden bolsa çaga dogmaýardy. 32 Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi*, indi meni adamym halar» diýdi. 33 Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon* dakdy. 34 Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi* dakdy. 35 Leýa ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Indi men Rebbe alkyş aýdaryn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda* dakdy. Soňra ol çaga dogmakdan galdy.