Y
24
Ybadathana – Süleýman patyşa Iýerusalimde ilkinji ybadathanany gurupdyr (1Pat 6-7; 2ÝÝ 2-4). Babyllylar bu ybadathanany weýran edipdirler we onuň ähli gymmatbaha zatlaryny Babyla äkidipdirler. Käbir ýahudylar Babyl sürgünliginden dolanyp baranlaryndan soň, bu ybadathana b. e. öň 520 – 515‑nji ýyllarda täzeden gurlupdyr. Hirod patyşanyň hökümdarlyk eden döwründe (b. e. öň 37‑nji ýylyndan b. e. 4‑nji ýylyna çenli) bu ybadathana ulaldylyp, has-da owadanlaşdyrylypdyr. Biziň eýýamymyzyň 70‑nji ýylynda ybadathana rimliler tarapyndan weýran edilipdir we hiç haçan täzeden dikeldilmändir.
1Pat 5:5; 6:2 2Pat 25:8-17; Ezk 40-46; Neh 8.
Seret: Mukaddes öý.
1622-nji sahypadaky surata seret.
Ybraýym pygamber – Ysraýyl halkynyň ilkinji atasy. Ybraýym pygamber diýip atlandyrylmazdan öň, onuň ady Ybram bolupdyr. Ol çarwa durmuşda ýaşapdyr, onuň aýaly Sara, ogullary hezreti Yshak we hezreti Ysmaýyl bolupdyr. Hezreti Yshagyň ogly Ýakup Ysraýylyň on iki tiresiniň atasy bolupdyr.
Gçk 11:27–12:8; 15:1-21; 17:5.
Seret: Yshak pygamber; Ysmaýyl pygamber; Ýakup.
Ylýas pygamber
Seret: pygamber.
Ynsan ogly – bu at Zeburda we Ezekiýel (ýagny Kifl) pygamberiň kitabynda ynsany aňladypdyr. Emma ol Danyýel pygamberiň kitabynyň 7‑nji babynda Hudaý tarapyndan şöhrat we soňsuz patyşalyk berlen kişi üçin ulanylypdyr. Bu kişi Mesih bolmaly diýlip düşünilipdir. Isa Hudaýdan ygtyýarlyk alan hökmünde bu ady Özi üçin ulanypdyr. Ol ejir çekip öldi we direlip göge göterildi, emma Ol ýene ýere kazylyk etmäge we Öz halkyny halas etmäge geler.
Zeb 8:5; 145:3; Mar 8:38; Ýoh 3:13-14.
Yshak pygamber – Hudaýyň beren wadasyna görä, Ybraýymyň Saradan bolan ogly. Yshak Hudaýyň ýalkan adamy bolup, Ýakup bilen Ysawyň kakasydyr.
Gçk 17:19-21; 21:3-12; 22:1-9; 27:1-46; 35:29.
Seret: Ybraýym pygamber; Ýakup.
Ysmaýyl pygamber – Ybraýym pygamberiň Hajar atly gyrnagyndan doglan nowbahar ogly.
Gçk 16:11, 15, 16; 17:18-26; 25:9-17; 28:9; 36:3
Seret: Gyrnak aýal.
Ysraýyl – Ýakup Peniýelde Hudaý bilen tutluşanda, Hudaý onuň adyny Ysraýyl diýip üýtgedýär. Köne Ähtde Ýakubyň nesilleri on iki tiräni emele getirip, ysraýyl halky diýlip atlandyrylýar. Köne Ähtiň pygamberlik we goşgy ýazgylarynda «Ýakubyň» ady köplenç ysraýyl halkyny aňlatmak üçin ulanylypdyr. Süleýman patyşanyň ölüminden soň, Demirgazykdaky on tire Günortadaky ýahuda hem benýamin tirelerinden aýrylýar we Ysraýyl adyny saklaýar. Ysraýyl patyşalygynyň Samariýada öz paýtagty bolupdyr. Günortada iki tire Ýahuda patyşalygyny emele getiripdir. Şonuň üçin hem Köne Ähtiň käbir ýerlerinde «Ysraýyl» sözi diňe Demirgazykdaky on tiräni ýa-da Demirgazyk patyşalygyny aňladypdyr, köplenç bolsa Ybraýym pygamberiň agtygy Ýakubyň ähli nesillerini aňladypdyr. Mukaddes Kitap bu halkyň Hudaýyň saýlan we söýen halky bolandygyny öwredýär, olaryň üsti bilen Hudaý dünýäniň ähli halklaryny ýalkamagy karar etdi. Ysraýyl Hudaý tarapyndan goraldy we ýalkandy, Hudaý olar bilen äht baglaşdy we olara üýtgeşik wadalar berdi. Şeýle hem, Ysraýyl Hudaýyň kanunyny kabul etdi we Hudaý olara pygamberler arkaly gepledi.
Gçk 32:28; 46:8; 49:28 Msr 1:1; 2ÝÝ 10:16; 2ÝÝ 11:1; Işa 9:7.
Seret: Ýakup; Ýahuda.
Ysraýylyň on iki tiresi – Ysraýyl (öňki ady Ýakupdy) ogullarynyň ähli nesilleri, olaryň atlary Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Zebulun, Ysakar, Dan, Gat, Aşer, Naftaly, Benýamin we iki sany ýarym tire, Efraýym we Manaşa. Efraýym we Manaşa Ýusubyň ogullary bolup, olar Ýusubyň kakasy Ysraýyl tarapyndan aýratyn söýlüpdirler.
Gçk 35:23-26; 41:51-52; 48:5; 49:28; Msr 1:1-5; Ýeş 17:1-18; 1ÝÝ 2:1-2; 6:63.
Seret: Ysraýyl; Ýahuda; Ýakup; Ýusup.
Yzyna satyn almak – ilkinji doglan haýwanlar, şeýle hem, adamlar Rebbe degişli bolupdyr. Uly merhemet edip, Reb ýewreýlere nowbahar ogullaryny we ilkinji bolan eşeklerini yzyna satyn almaga rugsat edipdir. Olar muny Hudaýa bermek üçin ruhana sadaka ýa-da gurbanlyk getirmek arkaly ýerine ýetiripdirler. Reb nowbahar ogullaryny Müsürde ölümden nähili halas edendigini hemişe ýatlamaklary üçin ysraýyllara kada-kanunlar beripdir.
Msr 13:13-15; 34:19-20.