11‑nji bap
Iň soňky betbagtçylyk jar edilýär
1 Reb Musa ýene-de: «Faraonyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň faraon size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar. 2 Indi bolsa halka eşitdirip aýt, goý, her bir erkek we her bir aýal öz müsürli goňşusyndan altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler dilesin» diýdi. 3 Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.
4 Musa faraona şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Men ýary gije töweregi Müsüriň içine aýlanyp çykaryn. 5 Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogullary öler. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň nowbahar ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler. 6 Tutuş Müsür ýurdunda uly ses bilen perýat ediler. Şeýle agy sesi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. 7 Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“». 8 Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.