S
20
Sabat güni – bu ýewreýlerde hepdäniň ýedinji güni bolup, dynç almak üçin aýratyn gün hasaplanypdyr, bu anna güni Gün ýaşandan başlap, şenbe güni Gün ýaşanda tamamlanypdyr. Ol gün mukaddes gün saýylyp, hiç bir iş edilmändir. Isanyň döwründe ýahudylaryň Sabat gününe degişli köp düzgünler bolupdyr.Sadaka – Özüniň buýruşy ýaly, Rebbe sadaka hökmünde ysraýyllar ruhanylara galla, miwe, ýag, şerap, çörek, mal-garalar, pul, şaý-sep, egin-eşik, altyn-kümüş getiripdirler. Eger halk dogry ýaşamasa, olaryň sadakasyny Rebbiň kabul etmejekdigini pygamberler olara duýdurypdyrlar (Işa 1:10-17).
Seret: Galla sadakasy; Gurbanlyklar; Içgi sadakasy; Meýletin sadaka.
Saddukeýler – Saddukeýler ýahudylaryň arasynda ýokary derejeli, baý adamlar bolupdyrlar we ýewreý mejlisinde oturypdyrlar. Olar halkyň Hudaý tarapyndan Musa berlen kanuna eýermelidigine ynanypdyrlar, ýöne soňrak bu kanunlara goşulan düzgünlere we adatlara ynanmandyrlar. Olar adamyň ölenden soň direlýändigine ynanmandyrlar. Şonuň üçin hem olar fariseýler bilen köplenç şu meseleler barada dawalaşypdyrlar.
Seret: Fariseýler; Mejlis.
Salamatlyk gurbanlygy – bu gurbanlyk haýsam bolsa bir gowy zat üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirmek üçin berlipdir, şeýle hem Hudaýa aýdylan sadaka ýa-da meýletin sadaka hökmünde berlipdir. Mal öldürilenden soň, onuň bir bölegi gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakylypdyr, beýleki bölegi gurbanlyk berýän adamyň maşgalasy we ruhany tarapyndan iýlipdir.
Salgytçy – Isanyň döwründe salgytçylar ýahudylary basyp alan we zorluk bilen olaryň üstünden höküm sürýän Rim imperiýasy üçin işläpdirler. Şonuň üçin ýahudylar salgytçylary ýigrenipdirler. Munuň üstesine-de salgytçylar köplenç özlerine almak üçin, adamlardan almalysyndan köp pul talap edipdirler.
Salim – Iýerusalimiň gysga ady.
Samariýa –
1. B. e. öň IX asyrda Omry patyşa demirgazyk ysraýyl tireleriniň paýtagt şäheri hökmünde Samariýany berkarar edipdir.
2. Isanyň döwründe hem şäheriň ýerleşen ýeri bolan rim etrabynyň ady bolupdyr.
Seret: Ysraýyl.
Karta seret.
Sara – Sara Ybraýym pygamberiň aýaly bolupdyr. Onuň ady aslynda Seraý bolupdyr, emma Hudaý oňa Sara adyny beripdir. Ol önelgesizdi, emma ahyrsoňunda, garrylyk ýaşynda Hudaýyň gudraty bilen bir ogul dogrupdyr.
Sežde edilýän ýeriň azgyn aýallary ýa erkekleri – aýallar (käte erkekler) Kengan hudaýlaryna sežde edilýän ýerlerde pul tölän adam bilen jyns gatnaşygyny edipdirler. Olar beýle etmeklik topragyň bol hasyl getirmeginiň kepili diýip pikir edipdirler. Kengana ýaşamaga gelen ysraýyllar hem olardan görelde alyp, özleriniň seždegählerinde bu işi edipdirler.
Sežde etmek – gadymy döwürde ysraýyllar Rebbe sežde etmek üçin özlerini tämizläpdirler, doga-dileg edipdirler, mezmurlary aýdym edip aýdypdyrlar, ruhana sadaka getiripdirler. Bularyň käbiri özbaşdak, ýa-da maşgala bilen, ýa bolmasa uly topar bolup ýerine ýetirilipdir. Käbirileri muny öýde, başga birileri bolsa sežde edilýän ýerde berjaý edipdirler. Ysraýyllar Rebbe islendik ýerde sežde edipdirler, ruhanynyň ýolbaşçylygynda Hudaýyň halky hökmünde ysraýyllardan hemmesiniň bilelikde sežde etmekleri talap edilende olar üçin ýörite günler we baýramlar bellenilipdir. Ysraýylyň tutuş taryhy boýunça olaryň sežde etmeklerine başga milletler ters täsir edipdirler, meselem, olar but ýasamak bilen Hudaýyň gaharyny getiripdirler.
Seret: Hyzmat etmek.
Seždegäh – Kengan dinine uýýanlaryň sežde edýän ýeri ýa-da keramatly ýeri: Aşera butlary dikilipdir we olara gurbanlyklar berlipdir, şeýle hem topragyň her ýyl bol hasyl bermegi üçin loluçylyk edilipdir. Olar adatça beýik depelerde, şeýle hem uly agaçlaryň aşagynda, baýyrlarda, başga ýerlerde loluçylyk edipdirler. Bu işler hemişe Reb tarapyndan pygamberler arkaly paş edilipdir.
Seret: Aşera.
Sela – Zeburda ulanylýan söz. Manysy belli däl, belki, sazyň dowamyndaky säginme bolmagy ahmal.
Seraflar – ganatly perişdeler. Işaýa pygamber Hudaýyň täjiniň daşyndan pyrlanýan seraflary görüpdir we şeýle diýip jar edipdir: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir» (Işa 6:3). Ýewreýçe bu söz «ýanýanlar» diýmegi aňladýar.
Seret: Kerup; Perişde.
Serdar – Hudaý tarapyndan saýlanan ýolbaşçylar. Serdarlar patyşa bolmazdan öň, öz duşmanlary bilen uruşmakda ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk edipdirler. Şeýle hem olar Hudaýyň islegini halka ýetiripdirler we kazy hökmünde dawa-‑jenjelleri çözüpdirler.
Sidon – bu şäher häzirki Liwanyň kenarynda ýerleşipdir. Mukaddes Kitabyň döwründe ol söwdanyň we agaç ussaçylygynyň merkezi bolupdyr, bu şäher köp asyrlaryň dowamynda dürli halklar, ýagny babyllylar, grekler, rimliler tarapyndan basylyp alnypdyr.
Seret: Finikiýa.
Sinagoga – sinagoga ýahudylaryň, adatça, Sabat güni ýygnanyşýan ýeri bolupdyr, olar doga-dileg etmek üçin, okalýan Töwradyň aýatlaryny we Hudaýyň kanunynyň düşündirilişini diňlemek üçin üýşüpdirler. Täze Äht döwründe sinagogalar ýahudy jemagatynyň bar ýerinde, tutuş Rim imperiýasynda bolupdyr.
1629-njy sahypadaky surata seret.
Sinaý – bu dagyň beýleki ady Horepdir. Musa ýüzüne On Tabşyryk ýazylan ýasy daşlary almak üçin bu daga çykypdyr.
Seret: Horep.
Sion – Iýerusalimde ybadathana gurlan depe.
Seret: Sion gyzy.
Sion gyzy – bu söz goşgy stilinde ulanylyp, Iýerusalimiň ilatyny aňlatmak üçin ulanylypdyr.
Seret: Sion.
Sodom – Sodom Lut bilen onuň maşgalasynyň ýaşan şäheriniň ady. Sodom bilen Gomoranyň halky köp nejis işleri edipdirler, şonuň üçin Hudaý bu şäherleri ýakyp weýran edipdir.
Söweş arabasy – bir ata ýa-da birden köp ata dakylan iki tigirli araba bolup, ol söweş üçin ulanylypdyr, köplenç onuň üstünde iki sany söweşiji adam bolupdyr, olaryň elinde ok-ýaýy ýa-da naýzasy bolupdyr.
1625-nji sahypadaky surata seret.
Stoik taglymatçylar – Zino filosofyň yzyna eýerijiler. Zino adamlara öz durmuşyna özleriniň hökümdarlyk etmegini öwredipdir we ýaşaýşy hiç hili lezzetiň ýa-da agyrynyň täsiri ýetmezden kabul etmegi nygtapdyr.
Sur – aýlagda ýerleşýän gadymy Finikiýanyň bir şäheri bolupdyr, ol häzirki wagtda Liwanyň bir bölegidir. Sur baý şäher bolup, ol täjirçilikde we matalary gök reňke boýamakda meşhur bolupdyr.
Seret: Finikiýa.
Surnaý baýramy – Ol ýewreýleriň senenamasy boýunça Tişri aýynyň birine (muňa Etanym aýy hem diýipdirler), ýagny ýedinji aýda bellenilipdir. Bu güýz paslynyň irki döwründe bolupdyr. Şol gün ysraýyl halky işlemän dynç alypdyr. Olar ýygnak üçin bile üýşüp, surnaýlar çalypdyrlar we bellenen gurbanlyklary hödürläpdirler.
Suwa çümdürmek – Ýahýa ýahudylary günälerine toba edendikleriniň nyşany hökmünde Iordan derýasynda suwa çümdürip çykarypdyr. Irki mesihiler täze iman eden adamlary islendik suw bar bolan ýerde olary suwa çümdüripdirler, bu olaryň indi Mesihiň şägirtleridigini görkezmek üçin edilipdir.
Süleýman pygamber – Dawut pygamberiň ogly, ol Dawut ölenden soň patyşa bolýar. Ol Iýerusalimde ilkinji ybadathanany gurupdyr, ysraýyl halkynyň güýjüni we şöhratyny gazanypdyr, şeýle hem köp sanly salgytlar, esgerler, söweş arabalaryny, aýallar edinipdir. Ol aýallar babatda gowşakdygyna garamazdan, tutuş ýer ýüzünde iň akylly adam saýylypdyr.
Seret: Dawut pygamber.
Sünnet – sünnet Hudaý bilen Ybraýym pygamberiň nesilleriniň, ýagny ysraýyllaryň arasyndaky ähtiň nyşany bolupdyr. Bu olaryň indi Hudaýyň halky bolandyklarynyň we Hudaýyň taglymatyna tabyn boljakdyklarynyň nyşanyny görkezipdir. Sünnet kanuna görä, oglanjyklar sekiz günlükkä ýerine ýetirilipdir. Resullaryň döwründe mesihileriň arasynda asly ýahudy dälleri sünnet etmek barada uly jedel bolupdyr. Pawlus munuň bilen razylaşmandyr. Ol bu barada Galatýa ýazan hatynda, şeýle hem beýleki köp hatlarynda ýazypdyr. Ol Isa Mesih arkaly Hudaý Özi üçin täze adamlary ýaradandygyny aýdýar we onuň agzasy bolmak üçin talap edilýän ýekeje zat, ol hem Isa Mesihe iman etmekdir diýýär. Suwa çümdürilmek indi Hudaýyň halkyna degişlidigiň nyşanydyr, Isa Mesihe iman etmek arkaly Mukaddes Ruhuň güýji we merhemeti bilen Hudaýa tabyn bolmak islegidir.
Sünnetsizler – bu söz Hudaýyň Ybraýym pygamber bilen eden ähtine degişli bolmadyk adamlary aňladypdyr. Isanyň döwründe bu söz esasan ýahudy dällere degişli bolupdyr.
Seret: Milletler.
Sürgün – Mukaddes Kitapda bu söz ýahuda halkynyň b. e. öň 586-njy ýylda (Ýohaýakym patyşasy üçin b. e. öň 597‑nji ýyl) toparlaýyn Babyla sürgün edilendigi suratlandyrylypdyr. Ýahudalar ol ýerde pars imperiýasy Babyl imperiýasyny basyp alýança ýaşapdyrlar, soňra Kureş patyşasy ýahudalara Iýerusalim topragyna dolanmaga rugsat edipdir.
Sypa – gadymy Ysraýylda iki dürli sypa bolupdyr, birinjisi dürli görnüşli sadakalary hödürlemek üçin we haýwanlary soýup, ýakma gurbanlygy hökmünde bermek üçin ulanylypdyr. Ikinjisi bolsa ýakymly ysly tütetgi üçin ulanylypdyr.
1. Iň irki gurbanlyk sypasy palçykdan ýa-da daşdan, soňrak bolsa agaçdan we bürünçden ýasalypdyr (Msr 13:19-20 20:24, 25;). Gurbanlyk sypasy howluda mukaddes çadyryň daşynda goýlupdyr (Msr 27:1-12). Ybadathana gurlanda, ullakan gurbanlyk sypasyny ybadathananyň howlusynda goýupdyrlar (2ÝÝ 4:1).
2. Tütetgi sypasy agaçdan ýasalyp, sap altyna örtülipdir (Msr 30:1-10). Her gün irden we agşam ruhanylar Hudaýa sadaka hökmünde ýakymly ysly tütetgi tütedipdirler. Olaryň ikisi hem Mukaddes çadyrda we Ybadathanada Iň mukaddes otagy mukaddes otagdan bölüp duran tutynyň öňünde ýerleşdirilipdir (Msr 26:33).
Seret: Mukaddes çadyr; Ybadathana.
1620-nji, 1621-nji we 1627-nji sahypadaky suratlara seret.