R
19
Rabbi – ýewreýler akylly we wajyp adamlara ýüzlenenlerinde, «Rabbi» sözüni ulanypdyrlar, bu mugallym diýmegi aňladýar. Bu sylag-hormaty aňladýan sözdür. «Rabbuni» diýen söz hem şu manyny aňladýar.
Ýoh 1:38; 3:2; 20:16.
Rahap
Seret: Aždarha.
Rapalar – Ysraýyl halky basyp almazdan öň, Kenganda ýaşan halklaryň biri. Anaklar ýaly olar hem örän uzyn we daýaw adamlar bolupdyrlar.
Kan 2:11, 20; Ýeş 12:4.
Seret: Anaklar; Kengan.
Reb – gadymy wagtlarda Hudaýyň adyny aýtmakdan saklanmak üçin ýahudylar Oňa «Adonaý» diýip salgylanypdyrlar, bu eýe ýa-da hojaýyn diýmegi aňladypdyr. Köne Ähtiň türkmençe terjimesinde Hudaýyň ady Reb sözi bilen terjime edildi, sebäbi bu hem aga ýa-da eýe diýmegi aňladýar. B. e. öň III asyrda Köne Äht grek diline terjime edilipdir we «kurios» diýen grek sözi Hudaýyň ady üçin ulanylypdyr. Soňra Täze Äht ýazylan wagtynda şol bir «kurios» sözi Isa Mesih üçin ulanylypdyr we köplenç Reb diýlip terjime edilipdir.
Rebbe hödür edilen çörek
Seret: Hödür çörek.
Rebbe ýüz tutulýan çadyr – şeýle hem bu ýere Mukaddes çadyr hem diýlipdir, bu ýerde ruhanylar öz borçlaryny ýerine ýetiripdirler. Muňa Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýilmeginiň sebäbi Hudaý ruhanylara we adamlara çadyryň girelgesinde gepläpdir (Msr 29:42-43). Şeýle hem Musa Hudaý bilen bu ýerde duşuşypdyr (Msr 33:7-11).
Msr 29:42-43; 33:7-11.
Rebbiň güni – adatça şol gün keseki milletler üçin jeza güni, Hudaýyň saýlan halky üçin bolsa aklanma ýa-da hasaplaşyk güni diýlip pikir edilipdir. Muňa garamazdan, pygamberler şol gün ysraýyllaryň hem günäleri üçin jezalandyryljakdygyny olara duýdurypdyrlar. Täze Ähtde Rebbiň güni kazylyk etmäge we Öz halkyny halas etmäge Isanyň geljek günüdir.
Ýer 46:10; Amo 5:17-27; 1Sal 5:1-9.
Rebbiň öýi – bu söz Ybadathanany aňlatmak üçin ulanylypdyr.
1Pat 3:1; Mik 4:1.
Seret: Ybadathana.
Rebbiň saçagy – bu gurbanlyk sypasy üçin başga söz bolup, diňe Malaky kitabynda ulanylýar. Täze Ähtde bu saçak ýygnak agzalarynyň bir ýere üýşüp, nahar iýip, Isanyň ölümini we täzeden direlmegini ýatlamaklaryny aňladypdyr.
1Kor 11:17-33.
Resullar – Isa Özüniň ýakyn ýoldaşlaryndan, tanyş şägirtlerinden on iki sany resuly saýlaýar. Ol adamlar Onuň bilen bilediler we Isa olara ähli zady öwredipdir; olar Isanyň ölenini we täzeden direlenini öz gözleri bilen görüpdirler. Isa olary gören zatlaryny gürrüň bermekleri üçin we Hudaýyň Şalygy barada wagyz etmekleri üçin adamlaryň arasyna iberýär. Olar Isa ynanýan adamlaryň ýolbaşçysy bolýarlar.
Mar 3:14; Luk 22:14; Res 1:2; 1Kor 15:7.
Rimliler – Rim imperiýasynyň ilaty. Rimliler Isanyň ýaşan döwründe Demirgazyk Afrikanyň käbir böleklerinde we Orta Gündogarda, häzirki tutuş Türkiýäniň we Ýewropanyň köp böleklerinde höküm sürdüler.
Res 28:17.
Ruh – ýewreýçe «ruh» diýen söz şemal diýmegi, şeýle-de adamzadyň ruhuny we Hudaýyň Ruhuny aňladypdyr. Täze Ähtde şeýtan tarapyndan ynsanyň kalbyna ornaşýan erbet ruh barada hem gürrüň edilýär. Isa adamlardan bu erbet ruhlary kowup çykardy.
Seret: Mukaddes Ruh.
Gçk 1:2; Msr 15:8; 1Şam 10:6, 10; Ýol 3:2; Mat 12:45; Mar 9:25; Luk 11:26; 13:11; Res 16:16.
Ruhany – ol dini dessurlary we hyzmatlary ýerine ýetirmäge aýratyn ukyply adam bolupdyr. Ysraýyl halkynyň arasynda Musa pygamber arkaly berlen kanuna görä, Musanyň agasy Harun pygamberiň nesli ruhany bolupdyr, olar Mukaddes öýde, soňrak bolsa Iýerusalimdäki ybadathanada hyzmat etmäge saýlanypdyrlar. Olar sežde etmäge, sadakalar bermäge, dini dessurlary we baýramlary bellemäge ýolbaşçylyk edipdirler. Ruhanylaryň işleri lewiler tarapyndan paýlanypdyr. Mukaddes otaga, soňrak ybadathana girmäge diňe ruhanylara rugsat edilipdir.
Gçk 41:45; Msr 19:6; 30:30.
Seret: Baş ruhany; Lewiler; Mukaddes öý.