P
18
Pars imperiýasy – Babyl imperiýasyndan soň emele gelen güýçli we has uly imperiýa bolupdyr. Pars imperiýasy Gresiýadan Müsüre çenli we Orta Aziýa çenli ýerleri, şol sanda Ysraýyly hem basyp alypdyr. Käte bu imperiýa «Madaý-Pars imperiýasy» diýip atlandyrylypdyr, sebäbi onuň düzümine giren madaý milleti imperiýany dolandyrmakda wajyp orny eýeläpdir. Pars kanunlary «Parslaryň we madaýlaryň kanunlary» diýip atlandyrylypdyr.
Est 1:19; Dan 6:8, 12, 15.
Seret: Madaý.
Parz
Seret: Kanun.
Pata
Seret: Ýalkamak.
Patros – Müsüriň günorta bölegi.
Işa 11:11; Ýrm 44:1, 15; Ezk 29:14; 30:14.
Perişde – perişdeler adamlar üçin Hudaýyň habarçylary we wekilleridirler. Olar Hudaýyň huzurynda ýaşap, hemişe Ony alkyşlaýarlar. Keruplar we Seraflar perişdeleriň bir görnüşidirler. Mukaddes Kitapda iki sany möhüm perişdäniň: Mikaýyl bilen Jebraýylyň ady agzalyp geçilýär.
Gçk 3:24; 16:7-11; Işa 6:2.
Seret: Jebraýyl; Mikaýyl.
Perizler – Ysraýyl halky Kengan ýurduny eýelemezden öň, ol ýerde ýaşan halklaryň biri.
Gçk 13:7; Ýeş 3:10.
Perman
Seret: Kanun.
Pesah baýramy – ýewreýleriň senenamasy boýunça birinji aýyň, ýagny Abyp (beýleki ady Nisan) aýynyň on dördünji güni agşam bellenilipdir. Bu bahar paslynyň yz ýanynda bolupdyr. Şol agşam ysraýyl halky Hudaýyň özlerini Müsür gulçulygyndan nähili halas edendigini we Müsürden gaýtmazynyň öň ýanynda agşam gurbanlyk janlysynyň gany arkaly öz nowbahar ogullarynyň nähili azat bolandygyny ýatlapdyrlar. Adamlar guzy ýa-da geçi soýup, hemmesi bilelikde Pesah naharyny iýipdirler, ony ajy gök otlar we petir bilen iýipdirler.
Msr 12:1-13, 21-51; Lew 23:5; Çöl 9:1-14, Kan 6:1-7.
Petir baýramy – ýewreýleriň senenamasy boýunça birinji aýyň, ýagny Abyp (beýleki ady Nisan) aýynyň on bäşinden ýigrimi biri aralygynda bellenilipdir. Bu baýram Pesah baýramynyň yz ýany başlapdyr, Köne Ähtiň käbir parçalarynda bu iki baýram bir baýram ýaly görkezilipdir. Şol hepdäniň dowamynda ysraýyl halky özlerini Müsür gulçulygyndan Hudaýyň nähili alyp çykandygyny ýatlapdyrlar. Adamlar öýlerinden ähli hamyrmaýalary çykaryp zyňypdyrlar, hamyrmaýaly çörek iýmändirler. Olar baýramyň birinji we ýedinji günleri mukaddes ýygnanyşyk edip, Hudaýa gurbanlyklar hödürläpdirler.
Msr 12:14-20; 13:3-10; 23:15; 34:18; Lew 23:6-8; Çöl 28:17-25; Kan 16:3-4, 8.
Pilat – Isanyň öwreden we wagyz eden günlerinde Pontiý Pilat Ýahudanyň üstünden höküm süren Rim imperatorydyr.
Mat 27; Res 3:13.
Piliştliler – b. e. öň XIII asyryň ahyrlarynda Ysraýylyň günorta-günbataryndaky kenarýaka zolagyny eýelän halk. Piliştliler bäş sany şäheri: Gazany, Aşkelony, Aşdody, Gaty we Ekrony esaslandyrypdyrlar. B. e. öň XII asyrda olar ýer çäklerini gündogar tarapa giňeldip başlaýarlar. Bu ýagdaý Kengan tarapdan öz çäklerini günbatara giňeldýän ysraýyl halky bilen piliştlileriň arasynda duşmançylyk döredipdir. Şeýlelikde, hezreti Dawut patyşa tarapyndan doly derbi-dagyn edilýänçäler, piliştliler Ysraýylyň esasy duşmany bolupdyrlar.
2Şam 8:1; 1ÝÝ 18:1.
Purym baýramy – bu baýram ýewreý halkynyň durmuşyna Pars imperiýasy döwründe goşulypdyr. Bu ýewreýleriň senenamasy boýunça on ikinji aýyň, ýagny Adar aýynyň on dördüne we on bäşine, irki baharda bellenilipdir. Bu iki günüň dowamynda ysraýyl halky Esteriň döwründe özleriniň doly ýok edilmekden Hudaýyň nähili halas edendigini ýatlapdyr. Olar şatlanypdyrlar, iýip-içipdirler we biri-birilerine sowgat beripdirler.
Est 9:20-32.
Pygamber – Hudaýyň habaryny halka ýetirmek üçin Hudaý tarapyndan çagyrylan adam. Ylýas ýaly irki pygamberler (Görgürler) Hudaýa sygynýan topar bolup, käte olarda üýtgeşik tejribe bolupdyr we täsin gudratlar görkezipdirler. Şamuwel pygamber özüni köplenç serdar hökmünde alyp barypdyr. Soňrak Ýermeýa ýaly pygamberlere Hudaýdan aýanlyk inipdir we olar bu aýanlyklary halka ýetiripdirler.
1Şam 3:20; 9:9; 10:5-11; 1Pat 17 – 18; Ýer 1:5.
Pygamberlik etmek – Hudaýyň halka niýetlän habaryny oňa ýetirmek. Bu habarlar köplenç aýanlyklaryň we düýşleriň üsti bilen berlipdir. Gadymyýetdäki pygamberleriň döwründe bu söz pygamberiň aşa joşgunlyk ýagdaýyny beýan etmekde hem ulanylypdyr.
1Şam 10:5f; Ýer 2:8.
Seret: Aýanlyk; Pygamber.