Ö
17
Ölüler dünýäsi – gadymy Ysraýylyň halky Ölüler dünýäsi ýeriň aşagynda diýip düşünipdir, emma ol dowzah däldir. Her kes ölenden soň, ol ýere inipdir. Ol ýer ümsüm, garaňky ýer bolupdyr. Gojalyk ýaşyna ýetip öleniňden soň, ata-babalaryňa gowuşmak oňatdy, ýöne ýaş ölmek gowy däldi. Ýakup öz ogly Ýusup üçin ýas tutsa-da, ölüler dünýäsine inmek islemedi. Bu ýere Heläkçilik ýeri hem diýlipdir.Öý butlary – öý butlaryna butparazlar, kä halatda ysraýyllar tarapyndan sežde edilipdir. Olar öýlerde saklanyp, keramatly saýylypdyr.