9-njy bap
Şawul Şamuwele duşýar
1 Benýamin tiresinden Kiş atly bir baý adam bardy. Ol Abyýeliň ogly, Seroryň agtygy, Bekoradyň çowlugy, Apyýanyň ýuwlugydy. 2 Onuň Şawul atly ýaş hem görmegeý bir ogly bardy. Ysraýylda boý--syrat babatda oňa taý ýokdy; beýlekiler onuň egnindendi. 3 Bir gün Şawulyň kakasy Kiş öz urkaçy eşeklerini ýitirdi. Ol Şawula: «Hyzmatkärlerden birini ýanyňa al-da, eşekleriň gözlegine çyk» diýdi. 4 Olar Efraýym daglygynyň we Şalyşa topragynyň içinden geçdiler, ýöne olar eşekleri tapmadylar. Soňra olar Şagalym topragynyň içinden geçdiler, ýöne ol ýerden hem eşekler tapylmady. Onsoň olar benýamin topragynyň içinden geçdiler, ýöne eşeklerden derek tapyp bilmediler. 5 Olar Sup topragyna ýetenlerinde, Şawul ýanyndaky hyzmatkärine: «Yzymyza gaýdaly, ýogsam, kakam eşeklere derek bizi gaýgy edip başlar» diýdi. 6 Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer». 7 Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi. 8 Hyzmatkär Şawula ýene: «Ine, mende bir kiçi kümüş teňňe bar. Men ony Hudaýyň adamyna bererin, ol bize ýol görkezer» diýdi. 9 (Öňler Ysraýylda Hudaýdan sorap görmäge gidenlerinde, «Ýör, görgüriň ýanyna gideli» diýer ekenler, çünki häzirki pygambere öňler görgür diýipdirler.) 10 Şawul hyzmatkäre: «Gowy pikir, bolýar, ýör gideli» diýdi. Şeýdip, olar Hudaýyň adamynyň ýaşaýan galasyna gitdiler. 11 Ýokarlygyna gala çykyp barýarkalar, olaryň öňünden suwa barýan gelin-gyzlar çykdy. Ol ikisi bulardan: «Görgür şu ýerdemi?» diýip soradylar. 12 Olar şeýle jogap berdiler: «Hawa, hanha, öňüňizden barýar. Eglenmäň. Onuň gala gelip durşy, sebäbi depelikdäki seždegähde bu gün halk gurbanlyk berýär. 13 Nahar iýmek üçin, seždegähe çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz». 14 Olar ýokarlygyna gala tarap gitdiler. Gala girip barýarkalar, seždegähe çykýan ýol bilen olara tarap Şamuwel ýöräp gelýärdi.
15 Şawul gelmezinden bir gün öň Reb Şamuwele şeýle diýipdi: 16 «Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi». 17 Şamuwel Şawuly görende, Reb oňa: «Ine, Meniň saňa aýdan adamym şu. Meniň halkyma baştutanlyk etjek şoldur» diýdi. 18 Şondan soň derwezäniň agzynda Şawul Şamuweliň golaýragyna gelip: «Aýtsaňyzlaň, görgüriň öýi niredekä?» diýip, ondan sorady. 19 Şamuwel Şawula şeýle jogap berdi: «Görgür mendirin. Öňüme düş, seždegähe çykaly, siz bu gün meniň bilen bile naharlanarsyňyz. Ertir irden men siziň soraglaryňyza jogap bererin we sizi öz ýoluňyza ugradaryn. 20 Üç gün mundan öň ýiten eşekleriňizi bolsa alada etmäň, olar eýýäm tapyldy. Tutuş Ysraýylyň baýlygy seniňki we ataňyň nesilleriniňki dälmi eýsem?!» 21 Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi. 22 Soňra Şamuwel Şawul bilen onuň hyzmatkärini uly bir otaga alyp bardy we ony çagyrylan otuz töweregi adamyň hemmesiniň üstünden töre geçirdi. 23 Soňra Şamuwel aşpeze: «Aýratyn goý diýip buýran paýymy getir» diýdi. 24 Aşpez bir budy üstüniň ýagy bilen bile getirip, Şawulyň öňünde goýdy. Şamuwel Şawula: «Ine, şu paý seniň üçin goýuldy. Al, iýiber, men muny ýörite seniň üçin goýdurdym, bu myhmanlary bolsa seniň bilen bile nahar iýmäge çagyrdym» diýdi. Şeýdip, ol gün Şawul Şamuwel bilen bile naharlandy. 25 Olar seždegähden gala gaýdyp gelenlerinden soň, Şamuwel Şawul bilen üçegiň üstünde gepleşdi.
Şamuwel Şawuly hökümdarlyga belleýär
26 Daň atanda: «Tur, men seni ugradaýyn» diýip, Şamuwel üçegiň üstünde ýatan Şawula gygyrdy. Şawul turandan soň, ol ikisi bile ýola çykdy. 27 Olar galanyň çetine çykanlarynda, Şamuwel Şawula: «Hyzmatkäriňe aýt, goý, ol öňümizden ýöräbersin. Sen şu ýerde biraz aýak çek, men saňa Hudaýyň sözüni aýtjak» diýdi.