10-njy bap
Şeba melikesi Iýerusalime gelýär
1 Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. 2 Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady. 3 Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. 4-5 Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, olaryň egin-eşiklerini, onuň sakylaryny, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy.
6-7 Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken. 8 Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! 9 Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». 10 Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman* altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.
11 Hiramyň Opyrdan altyn getiren gämisi ol ýerden köp mukdarda sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdi. 12 Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne söýeler, aýdymçylar üçin liradyr arfalar ýasady; beýle sandal agajy şu güne çenli görlüp-eşidilmändi.
13 Süleýman patyşa Şeba melikesine öz eçilen zatlaryndan daşary onuň göwnüniň islän zadyny berdi. Şeýdip, Şeba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy.
Süleýmanyň baýlyklary
14-15 Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy*. 16 Süleýman patyşa döwme altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak* altyn sarp edildi. 17 Ol döwme altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana dört ýarym gadak* altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy. 18 Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady. 19 Tagtyň alty basgançagy bardy, arka tarapdan tagtyň depesi tegelekdi, kürsiniň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy. 20 Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy. 21 Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebäbi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi. 22 Çünki Süleýmanyň Hiramyň gämileri bilen birlikde deňizde gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil dişini, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.
23 Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. 24 Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy. 25 Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.
26 Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri* bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. 27 Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. 28 Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar. 29 Bir söweş arabasy on ýedi gadak* töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy.