Ş
21
Şeminit – sazyň ady bolmagy ähtimal.
1ÝÝ 15:21.
Şeýtan – Ol Hudaýyň we Oňa uýýan wepaly adamlaryň duşmany bolupdyr. Onuň ady «günäleýji» diýmegi aňladypdyr. Şeýle hem ony iblis, jynlaryň hökümdary we bu dünýäniň hökümdary diýip atlandyrypdyrlar. Onuň pis işini Eýýup kitabynda görmek bolýar; Isa Öz sözleri we beýik gudratlary bilen şeýtandan üstündigini görkezýär.
Eýp 1; Mat 4:3; Mar 3:23; Luk 13:16; Aýn 2:20.
Şigaýon – sazyň ady bolmagy ähtimal.
Zeb 7:1.
Şöhrat – Hudaýyň şöhraty Mukaddes Kitapda käte ýagty şöhle ýa-da ot hökmünde, ýa bolmasa bulut hökmünde suratlandyrylýar. Adamlar Onuň şöhratyny çölde sežde edilýän ýerlerde, perişdeler peýda bolanda görüpdirler. Dünýäniň ahyrynda Isa dolanyp gelende, Hudaýyň şöhratyna beslenip geler.
Gçk 45:13; Msr 16:7, 10; 1Şam 4:21; Işa 6:3; Hoş 4:7; Hab 2:14.