T
22
Tabşyryk –Seret: Kanun.
Tegelek howuz – bürünçden ýasalan uly howuz. Ol ybadathananyň howlusynda goýlup, içi suwdan doldurylypdyr we ruhanylar ondan ellerini we aýaklaryny ýuwupdyrlar.
Tämiz – Ysraýyllara tämiz bolmalydyklary aýdylypdyr, sebäbi olar Hudaýyň halkydy we Hudaý mukaddesdir (Lew 11:44). Tämiz bolmak üçin olar haram hasaplanýan zatlardan daşda bolmalydylar we ýygy-ýygydan ýuwnup durmalydylar; şeýle hem olary ruhany tarapyndan tämizlemek gerekdi (Lew 14:1-7). Bir adamyň günäsi bilen tutuş halk tämiz bolman bilýärdi (Ýeş 22:17). Öýleri we zatlary hem tämizlemek gerekdi (Lew 14:33-53). Mukaddes Kitap hiç kimiň öz ýüregini tämiz saklap bilmejekdigini öwredýär, şonuň üçin hem adamlara Hudaýyň merhemeti we bagyşlamagy gerek (Sül 20:9).
Seret: Käkilik oty; Murdar.
Täze Aý baýramy – ýewreýler täze Aýyň peýda bolmagyny her aýda uly baýram edip belläpdirler. Olar bu güni surnaý çalmak bilen we ýakma gurbanlygyny hödür etmek bilen belläpdirler.
Täze Äht – bu dört Hoş Habardan, resullar tarapyndan ýazylan dürli hatlardan we Aýanlyk kitabyndan ybarat.
Töwrat –
1. Hudaý tarapyndan Musa pygambere berlen Mukaddes Kanun.
2. Bu Kanundan ybarat bolan Köne Ähtiň ilkinji bäş kitaby (Gçk – Kan). Bir gezek, Ýoşyýa patyşanyň şalyk süren döwründe ybadathanada Töwrat tapylýar. Bu bolsa öňki patyşalaryň käbirileriniň munuň bardygyndan bihabardyklaryny aňladýar.
Seret: Kanun.
Töwrat mugallymy – Isanyň döwründe Töwrat mugallymlary kanundan oňat baş çykarypdyrlar we sinagogalarda okadypdyrlar. Olar ýewreýleriň baş mejlisinde wekilçilik etmek bilen güýçli topar bolupdyrlar. Biziň Ezra kitabyndan görşümiz ýaly, olaryň topary mürzelerden gelip çykypdyr, mürzeler ýazgylary we resminamalary ýazypdyrlar, emma asyrlaryň geçmegi bilen olar hem ýewreý kanunyndan ökde baş çykarypdyrlar, sebäbi olar ony düýrlenen kagyza göçüripdirler we ony doly jikme-jik bilipdirler.
Seret: Mürze.
Tuty – owadan bezelen tuty çadyrda, soňrak bolsa Iýerusalimdäki ybadathanada Iň mukaddes otagy mukaddes otagdan bölüpdir. Bu tutudan geçmäge ýylda bir gezek, Günäden saplanma güni diňe baş ruhana rugsat edilipdir.
Msr 26:31-33; 2ÝÝ 3:14.
Seret: Mukaddes çadyr.
Tütetgi – tütetgi dürli görnüşli ösümliklerden we agaçlardan alnypdyr we olar kesilende, ýakymly ys beripdir. Olar çalt gatapdyr we böleklere bölünipdir ýa-da owranypdyr. Tütetgi ýakylypdyr ýa-da ýag bilen garylyp, dürli maksatlar üçin ulanylypdyr. Köne Äht döwründe ruhany tütetgini gurbanlyk sypasynda mukaddes çadyrda, soňrak ybadathanada tütedipdir. Ysraýyl halkyna muny galla bilen garyp, sadaka hökmünde getirmek hem buýrulypdyr.
Seret: Ladan; Mür.
Tütetgi sypasy –
Seret: Sypa.