11‑nji bap
Pawlus we galp resullar
1 Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem geçirimlilik etsediňiz! Wah, geçirimlilik edýäňiz-le! 2 Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim. 3 Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn. 4 Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn! 5 Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin! 6 Men gepe çeper bolmasam-da, bilime baýdyryn. Biz muny ähli zatda size aýdyň görkezendiris. 7 Men sizi beýgeltmek üçin, özümi peseltdim, Hudaýyň Hoş Habaryny mugt wagyz etdim. Eýsem şeýle etmek bilen günä galaýdymmykam? 8 Men size hyzmat etmek üçin, beýleki ýygnaklardan hemaýat puluny alyp, olary talan ýaly boldum. 9 Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn. 10 Mesihiň mendäki hakykatyndan ant içýärin: Ahaýa sebitlerinde ýaşaýanlaryň biri-de meni bu magtanmadan mahrum edip bilmez! 11 Eýsem men näme üçin size agram salmadym? Sizi söýmeýändigim üçinmi? Ýok, sizi söýýändigime Hudaý şaýatdyr. 12 Men mundan beýläk-de häzirki edýänlerimi dowam ederin. Sebäbi men özlerini biz bilen des-deň işleýändir öýdüp, magtanmaga pursat agtarýanlara tutaryk bermerin. 13 Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir. 14 Geň galyp oturasy zat ýok, sebäbi şeýtanyň özi-de nur saçýan perişdäniň keşbine girip bilýändir! 15 Şoňa görä, onuň ülpetleriniň-de dogrulyk hyzmatkärleriniň keşbine girmegi geň zat däldir. Ýöne olaryň soňy eden işlerine görä bolar.
Pawlus öz muşakgatlary bilen magtanýar
16 Ýene-de gaýtalaýaryn: meni akmak saýmaň! Eger saýýan bolsaňyz, meni hem bir akmak hökmünde kabul ediň-de, biraz öwünmäge rugsat ediň. 17 Elbetde, şindi aýtjaklarym Rebden däl, men bir akmak kimin magtanjakdyryn. 18 Hawa, menem magtanyp göreýin-ä, sebäbi bu dünýäniň adamlary öwünmegi ýerlikli hasaplaýarlar-a! 19 Çünki siz akmaklara çydap, olara şeýle geçirimlimişiňiz-ä! 20 Hawa, siz gul edilýändigiňize, hakyňyzyň iýilýändigine, özüňize zulum edilýändigiňize, tekepbirlere, şapbatlara şeýle çydamly ahyryn! 21 Utansam-da, şuny boýun alýaryn: biz sizden asgyn gelip, siz ýaly bolup bilmänmişik!
Şunlukda, siziň üçin heniz-de akmak bolmak bilen, şuny diýýärin: beýlekileriň magtanmaga milt edenlerine men-de milt edýärin. 22 Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin! 23 Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum. 24 Ýahudylardan bäş gezek otuz dokuz gamçy iýdim. 25 Üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämi heläkçiligine uçradym, bir gije-gündizimi açyk deňizde geçirdim. 26 Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym. 27 Men agyr zähmet çekdim, gara işde işledim, ençeme gijäni ukusyz geçirdim; aç-suwsuzlygyň nämedigini bilýärin; açlykda gezdim, sowukda ýarym-ýalaňaç galdym. 28 Bulardan başga-da, ähli ýygnaklar baradaky gaýgy-aladalar günde üstümi basmarlaýar. 29 Kimdir biri ejizlände, men hem ejizlemeýärinmi? Kimdir biri günä iteklenende, ýürek-bagrym köýmeýärmi? 30 Eger magtanmaly bolaýsam-da, öz ejizligim bilen magtanaryn. 31 Baky şan-şöhrata mynasyp Hudaý we Rebbimiz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir. 32 Damask şäherinde Areta patyşanyň welaýat häkimi meni tussag etmek üçin, şäheri gözegçilik astynda saklaýardy. Emma meni sebede salyp, şäheriň diwaryndaky penjireden aşak salladylar. Şeýdip, onuň elinden halas boldum.